
“Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine”
Paýtagtymyz Aşgabat özüniň gözelligi, milli binagärligi, gaýtalanmajak suw çüwdürimleri, arassa we täsin tokaý zolaklary, giň meýdançalary, kaşaň myhmanhanalary bilen dünýä ýüzüne meşhurdyr. Aşgabadyň gözelliginden, abadançylygyndan, ýaşaýjylarynyň eşretli durmuşyndan bütin ýurduň ýagdaýyny bilmek bolýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz şeýle diýýär: “Ak mermere beslenen Aşgabat, döwletimiziň ykdysady we syýasy ösüşini, jemgyýetimiziň medeni derejesini, ruhy durmuşyny, aň-bilim kuwwatyny görkezýär”. Aziýanyň merjen şäheri Aşgabat dünýäniň iň gözel paýtagtlarynyň birine öwrüldi. Ol dünýäde ekologiýa taýdan arassa, ýaşamak üçin oňaýly, bagy-bossanly, myhmansöýer şäher hökmünde tanalýar. Aşgabat türkmen döwletiniň paýtagty bolmak bilen birlikde, dünýä üçin hem möhüm merkeze öwrüldi. Aşgabat — bu halkara syýasy merkezi, halkara parahatçylyk merkezi, halkara sport çäreleriniň merkezi, halkara olimpiýa hereketleriniň merkezidir. Aşgabat — dost-doganlygyň şäheri. Tämizligiň we gözelligiň şäheri.
Aşgabat şäheri häzirki wagtda dünýäde çalt depginler bilen ösýän we özgerýän şähere öwrüldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ýüregi hasaplanýan paýtagt şäherimiz Aşgabatda täsin binagärlik başlangyçlary işjeň häsiýete eýedir. Şähergurluşyk maksatnamasyna laýyklykda, Aşgabatda gurluşyk işleri giň gerim bilen alnyp barylýar. Paýtagtymyzda ajaýyp ýörelgelere laýyk gelýän binalar yzly-yzyna gurlup, şäheriň gözelligine görk goşýar. Paýtagtymyzda ähli amatlylyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, medeni-maksatly binalar, ajaýyp seýilgähler, döwrebap ýollar yzgider gurlup ulanylmaga berilýär.
Aşgabatdaky täze desgalaryň birnäçesi özboluşly binagärlik we inženerçilik-tehniki çözgütleri bilen halkara derejeli abraýly baýraklara mynasyp boldy hem Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girdi. Bu täsinliklere şu aşakdakylar degişli:
- 2010-nju ýylda Aşgabatdaky belent Flaştogy — “Dünýäniň iň beýik flaştogy”
- 2008-nji ýylda Nesilbaşymyz Oguz han we onuň ogullarynyň heýkelleri ýerleşdirilen arhitektura-heýkeltaraşlyk toplumy — “Köpçülik ýerinde iň köp suw çüwdürimleri özünde jemleýän suw çüwdürim toplumly şäher”
- 2011-nji ýylda belent dag gerşinde gurlan “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň binasy — “Dünýäniň arhitektura-tehniki usulda şekillendirilen iň uly ýyldyzy”
- 2012-nji ýylda Älem medeni-dynç alyş merkezi — “Dünýäde iň uly ýapyk görnüşli karusel”
- 2013-nji ýylyň 25-nji maýy — “Aşgabat — ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen ýeri”
- 2016-njy ýylyň 17-nji sentýabry — Aşgabadyň Halkara howa menzili “Iň uly göl” binagärlik aýratynlygy bilen
- 2017-nji ýylyň 21-nji awgusty — Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesindäki Ahalteke bedewiniň çeper keşbi — “Atyň dünýädäki iň uly nyşany”
- 2017-nji ýylyň 21-nji awgusty — Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesindäki Sportuň suw görnüşleri merkezi — halkara ölçeglerine laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa serişdelerden taýýarlanan, häzirkizaman tehnologiýalarynyň esasynda bina edilen, “Dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz”
Bahar DÖWLETMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.
Salam. Sizin saydynyzda makala cykyrmak niyetimiz bar welin nadip cykaryp bolarka?
saytda poçta adressimiz bar. turkmengazet.zenan2021@gmail.com. Habarlaşyp bilersiňiz!