ReportažSport

Bäsleşige: Saragt Babaýew bilen paýtagtymyzyň ajaýyp heýkelleri barada söhbet

17-05-2021 / 62

“Ýaşlar guramasynyň bäseleşigine”

“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ady bilen geçýän bu ýylymyzda ady aýdymdyr şygra öwrülen, Aziýanyň Merjen şäheri gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk şanly toýyna uly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly yolbaşçylygynda Aşgabat şäherini ösdürmek boýunça birnäçe maksatnamalaýyn işler tapgyrlaýyn esasda alnyp barylýar.

Häzirki wagtda ak mermere bürenen paýtagtymyz Aşgabat şäheri sebitde we dünýäde ylalaşdyryjy merkez hökmünde we iri halkara sport ýaryşlarynyň hem-de halkara forumlaryň, maslahatlaryň, sergileriň geçýän ýeri hökmünde özüni äşgär etdi. Ginnesiň rekordlar kitabyna giren gözel şäherimiz Aşgabadyň islendik künjegine baranyňda hem birnäçe gözelliklere, täsinliklere, ajaýyp binalara, heýkellere gözüň düşýär. Sebäbi bu gözelliklere seredeniňde durmuşa bolan hyjuwyň, ýaşaýşa bolan söýgiň artýar.

Paýtagtymyzda ýerleşýän şeýle ajaýyplyklaryň biri hem halkynyň öz Arkadag diýip atlandyrýan Prezidentine bolan çuň söýgüsiniň nyşanyna öwrülen “Arkadag” binasy bolup durýar. Bu binanyň deňinden geçip barşyma binanyň aýratynlygyny synlap onda nazarym eglenip,  bu bina barada gyzyklanyp makala yazmagy ýüregime düwdüm. Beýik dag gerşini ýatladýan gaýanyň üstünde ahalteke bedewine atlanan, egnine ak guş gonan Gahryman Arkadagymyzyň heýkeli türkmen halkyny täze ösüşlere sary ruhlandyrýar. Mälim bolşy ýaly bu bina, 2015-nji ýylyň Maý aýynyň 25-ne paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda uly şatlyk-şowhun beslenen dabara bilen halky üçin gije-gündiz alada edýän Türkmen halkynyň öz Milli Liderine sowgady hökmünde açylypdy.

Aşgabadyň ýüregi hasaplanýan bu binanyň awtory, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Magtymguly adyndaky döwlet we Halkara baýragynyň eýesi, irginsiz çeken zähmeti bilen birnäçe orden, medallara mynasyp bolan ussat heýkeltaraş Saragt Babaýew özüniň başga-da birnäçe eserleri bilen paýtagtymyzyň gözelleşmegine özüniň saldamly goşandyny goşýar. Şol sebäpli hem bu ussat hem zähmetsöýer, halypa heýkeltaraş bilen bu ajaýyp bina barada söhbetdeş bolmagyň ugruna çykdym. Elbetde, Saragt Babaýew şeýle işli adam bolansoň, onuň bilen söhbetdeş bolmak bize aňsat düşmedi, sebäbi 73 ýaşynyň içinde bolsa-da halypa heýkeltaraş birjikde badyny gowşadanok, ol häzir hem uly eseriň üstünde işläp ýören eken. Halypa mugallymlarymyň beren kömegi arkaly Saragt Babaýew bilen aragatnaşyk saklap, ak zat alnyňa ýagşy diýlişi ýaly mart aýynyň ortasynda ýagan garly günde halypa heýkeltaraş bilen söhbetdeş bolmak maňa miýesser etdi. Bu söhbetdeşlik meniň pikir edişimden hem diýseň täsirli we gyzykly boldy. Umuman bu söhbetdeşligimiz şeýleräk geçdi:

Zähmetsöýer halypa öýüne baranymda hem elindäki guralyny goýman gapyny açdy, seredip otyrsam ol özüniň täze eserleri bilen gümra bolup ýören eken.  Öýüne girenimde bolsa, muzeýe giren ýaly duýgylary başdan geçirdim.

– Essalowmaleýkim, Saragt aga! Armaň, Alla size kuwwat bersin! Işiňiziň köpdügine garamazdan, söhbetdeş bolmaga razylyk bereniňiz üçin size minnetdarlygymy bildirýärin!

– Waleýkimessalam, oglum! Hoş geldiň! Sagbol!

– Saragt aga mümkin bolsa, söhbetdeşligimizi şeýleräk sorag bilen başlasym gelýär?! Siziň döredijiligiňize degişli bolan, paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşýän ajaýyp  “Arkadag” binasy barada gürrüň beräýseňiz?!

–  “Arkadag” binasy barada aýdanymda ol, uly işlerimiň biri bolup,  diýseň ýerine düşüp, şowly çykan desga hasaplaýaryn. Sebäbi ol ýerde men türkmen bedewiniň üstünde hormatly Prezidentimiziň heýkelini döretdim. Şonuň üçin bu işiň maňa ynanylmagyny men, uly bagt hasaplaýaryn. Çünki beýle işler hemme adama hem nesip etmeýär.

– Bu binany döredeniňizde esasy nämelere üns berdiňiz?

–Esasy bu binada döwlet Baştutanymyzy bedew atyň üstünde görkezmegi özüme maksat edindim. Sebäbi öňki döwürlerde hem Watan goragyna çykan adama, ata çykdy diýer ekenler, ýadyňyzda bolsa milli Liderimiz ahalteke bedewine atlanyp, çapuw ýodasyna girende, egnine ak kepderi gonupdy. Men hem şu ajaýyp pursady öz eserimde görkezmek isledim. Beýle ýagdaýa bolsa irki döwürlerden bäri Allanyň ýalkamagy diýlip, düşünilýär.

Şu ýerde ýene-de bellemek isleýän zadym, bu heýkeli ýasamak üçin men 32-den gowrak taslamanyň üstünde işledim. Şol taslamalaryň içinden saýlanyp alnan heýkel şol heýkel boldy. Bu heýkeli taýýarlanymda, ol ýerde ahalteke bedewiniň üstünde hem işlemeli boldy. Şonuň üçin men köp wagtlap ahalteke bedewlerini öwrenmeli boldum, at  saklanýan at ýataklaryna  kän gatnadym, şol atlary sypalap, olar bilen gürleşip köp wagtymy atlar bilen geçirmeli boldum. Garaz, nirä barsamda, meniň bar gözlegim şol ahalteke atlary boldy. Şeýlelikde, men kän zähmet çekip, köp gözleglerden soň bu heýkeli döretdim. Bu binanyň şäheriň merkezinde iň gowy ýerde oturdylmagy bolsa, meni diýseň guwandyrýar. Men muny azabymyň ýerine düşdügi diýip, hasaplaýaryn.

– Sag boluň! Saragt aga! Heýkeldäki dag gerşini ýatladýan beýik gaýa daşy barada giňişleýin gürrüň beräýseňiz?!

– Binanyň bitewi  gaýany şöhlelendirýän esasy binýadynyň beýikligi  21 metre deň bolup, bu binýadyň üstünde ahalteke bedewine atlanan Gahryman Arkadagymyzyň altyn çaýylan, 6 metrlik heýkelini oturtdyk. Dogry zady dogry aýtsak gowy, bu heýkeliň oturdyljak gaýa daşyny gözläp tapmak işi bize aňsat düşmedi. Binanyň gurluşygyna gatnaşan  hemmämiz, binagärlik sungatyndaky adamlar, meniň özüm hem bu gaýa daşyny köp gözledik, ahyrynda bolsa, şol 21 metrlik gaýa daşyny saýladyk. Ony  bolsa, biz  Gahryman Arkadagymyzyň ýüreginiň aklygy ýaly ak reňkli mermer daşyndan ýasadyk. Umuman jemläp aýdanymyzda, bu desgadaky ähli zat ýerine düşdimikä diýip pikir edýärin. Käwagtlar meniň özüm hem, bu binany synlamaga, başga-da döreden birnäçe eserlerimi görmäge ýörite gidýärin. Ýadan wagtlarym öz döreden işlerime aýlanyp görüp, olardan lezzet alýaryn.  Paýtagtymyzyň owadan köçelerinden başga iş bilen geçip barýarkam hem, taryhymyzy alamatlandyrýan heýkellere gözüm düşýär, şäherde “Ylham” seýilgähindäki şahsyýetleriň hem ondan gowragyny özüm ýasadym we başga-da Aşgabadyň Halkara howa menzilindäki suw çüwdürimindäki Oguz hanyň heýkelini, Garajaoglanyň heýkelini, türkmen Alabaý itiniň  heýkelini başga-da daşary ýurtlaryň hem birnäçesinde, şol sanda Türkiýede, Russiýada, Özbegistanda monumental ýadygärlikleri,  Magtymguly Pyragynyň heýkellerini döretdim, şu günki gün men olara diýseň guwanýaryn hem-de buýsanýaryn! Sebäbi, Merjen şäherimiz Aşgabadyň dünýäde abraýynyň artmagyna, görküne görk goşmaga, onuň gözelligine kiçiräk bolsa-da bir goşant goşmaga gatnaşmak her bir türkmenistanly üçin uly bagt bolup durýar.

–Halypa bu ajaýyp bina barada, Aşgabat şäherimiziň gözellikleri dogrusynda beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin, size çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris. Ýurdumyzyň paýtagty gözel şäher Aşgabadyň at-abraýyny ýer ýüzüne ýaýmakda, onuň ajaýyp özboluşly keşbini kemala getirmekde alyp barýan, irginsiz zähmeti talap edýän asylly işleriňizde size diňe üstünlikleriň ýar bolmagyny, gadamyňyzyň mundan beýläk hem batly bolmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

 

Söhbetdeş bolan: Seýli ARYŞOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

 

 

 

 

Ünsüňizi çekip biler

Bir Yorum

Leave a Reply

Başa dön tuşu