Habarlar

Gysga möhletli synag okuwlary tamamlandy

17-05-2021 / 10

2021-nji ýylyň aprel-maý aýlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Ýewropa Komisiýasynyň “Türkmenistanda döwlet dolandyryşynda adam maýasyny pugtalandyrmaga ýardam” atly taslamasynyň çäklerinde “Döwlet dolandyryş” ugry boýunça taýýarlanylan magistr okuw maksatnamasy esasynda 72 sagatlyk gysga möhletli synag okuwlary geçirildi.

Gysga möhletli okuwlara Türkmenistanyň Mejlisinden, Türkmenistanyň Adalat ministrliginden, Türkmenistanyň Bilim ministrliginden, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysady ministrliginden, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginden, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginden, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginden, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginden, Türkmenistanyň Merkezi bankyndan, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetinden, Türkmen döwlet ätiýaçlandyryş guramasyndan, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugyndan, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinden, Aşgabat şäher häkimliginden, Ahal welaýat häkimliginden, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginden, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyndan  wekiller gatnaşdylar.

Olar ýerli okuwlara işjeň gatnaşdylar, şeýle-de wideoaragatnaşykda daşary ýurtly professorlar bilen sanly ulgam arkaly geçirilen okuwlara hem höwesli gatnaşyp, öz ylymyny, bilimini, tejribesini artdyrdylar. Okuwa gatnaşanlaryň ählisi okuw meýilnamasyna laýyklykda, öz pikirlerini beýan edýän esseleri (düzmeleri) ýazdylar.

Okuw sapaklaryna işjeň gatnaşyp, üstünlikli tamamlan, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň hukuk we işgärler bölüminiň başlygy Aýjeren Orazberdiýewa şeýle diýdi:

-Elbetde, biz alan bilimimizi, ÿeri gelende öz işimizde ulanarys. Şu ýerde, Türkmenistanyñ Prezidentiniñ ÿanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda “Döwlet dolandyryşy” boýunça gysga möhletli okuwyny gurnan ähli halypa mugallymlarymyza, şeýle hem daşary ýurtly halypa mugallymlarymyza çäksiz minnetdarlyk bildirýärin.

Daşary ýurtdaky halypa mugallymlardan alan nazaryýet bilimimiz, bize durmuş-ykdysady ösüş babatda döwlet syýasatynyñ häzirki zaman ugurlaryndaky zähmet çekýän ýaş hünärmenleriniñ we ýokary derejeli hünärmenleriniñ, işgärleriniñ gözýetimini has giñeldýär. Bu bolsa, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny netijeli ösdürmekde, şeýle hem bize geljekde öz işimizi has netijeli alyp barmakda, täze usullary iş dolanyşygyna girizmekde hem-de hereket edÿän hukuk namalara degişli üÿtgetmeleri girizmekde uly goşant goşjagyna göz ýetirýärin. Çünki biziñ işimiz halka hyzmat edip, halk köpçüligine ätiýaçlandyryşyñ täze meÿletin görnüşini  hödürlemek. Hödürlenýän hyzmatlary ýokary derejede halkara ülñülerine laýyklykda  alyp barmak üçin, halkara tejribesini öwrenmek örän möhüm.
Hormatly Prezidentimiziñ baştutanlygynda ýurdumyzda şahsyýetara hem-de milletara gatnaşyklaryñ ýokary medeniýetini ösdürmek, ylymlaryñ esaslaryny öwrenmek, şeýle hem  ýaşlarda akyl we fiziki zähmet endikleri boýunça höweslerini we gyzyklanmalaryny ÿüze çykarmak arkaly şahsyýetiñ kemala getirilmegi üçin ähli şertler döredilen. Gahryman Arkadagymyza şular ýaly döredip beren mümkinçilikleri üçin köp sag bolsun aýdýaryn. Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Wepa TOHTAÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu