Habarlar

Google – yň gyzykly aýratynlyklary

14-05-2021 / 17

Google ençeme ýyl  bäri internet äleminde gözleg ulgamynda birinjiligi elden bermän gelýär. Berjege-de meňzemeýär. Eýsem google-y beýle üstünlige elten syr näme? Geliň onlaýn bilelikde google-yň käbir aýratynlyklary bilen tanyş bolalyň.

Google web sahypasyna girýäris (www.google.com) we iki sany belgini bir birine goşup ýazýarys (mysal üçin 4+5).Google aljyramaz. Derrew kalkulýatoryny işleder we iki sany goşup jogabyny ýazar. Siz ýene-de google gözleg bölümine “do a barrel roll” ýazyp görüň. Ýok, ýok çekinmäň,kompuýere hiç zat bolmady, diňeje google 360 gradus sahypany aýlap getirdi. Google azajyk gyşyk görmek isleseňiz “askew” ýazyp gözlediň.

 

Geçen ýyllardaky google görmek isleseňiz “mentalplex” ýazyň. Bir serediňä ondan bäri 21 ýyl geçipdir.

“Google Gravity” ýazyp ýöne bu gezek “Altyn aşygym alçy gop” düwmesine basyň. Web saýtyň ýüzündäki ähli zat birdenkä aşak gitdimi. Al saňa güýmenje. “Gravity” sözüniň türkmençä  terjime etsek agyrlyk güýji bolýan eken (Serediň www.makulsozluk.com).

Indi bolsa google translate ýagny google dilmaç bölümine syn edeliň. Birnäçe dilleriň terjimesinden peýdalanmak mümkin. Ýakynda Türkmen diliniňem goşulandygy köpümize mälim bolsa gerek.

Men bu makalany taýýarlap otyrkam bir zada duş geldim. Google dilmaça girip, iňlisçe  “play” sözüni ýazyp, seretdim. Terjimesi gelýär dogry, ýöne ses ýok.

“Bäh bu nä beýlekä” diýdim. Täzeden google gözlege girip, “Türkmen dilinde sesli sözlük” diýip gözletdim. Gözlerime ynanmadym. Garşyma çykan birnäçe netijeleriň ilkinjisinden Türkmen dilinde düzülen Makul Sözlük (www.makulsözlük .com) bilen tanyşdym.

Soňra Makul sözlüge “play” sözüni girip, türkmen dilinde jogabyny eşidip, monça boldum.

 

Wepa AMANDURDYÝEW.

 

 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu