“Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine”
METBUGAT ÖÝI TOPLUMY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
-Bu häzirki zaman toplum iň öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edildi we diňe ýurdumyzyň içki zerurlyklaryny üpjün etmekden başga-da, daşary ýurtlaryň buýurmalaryny hem kanagatlandyrmaga ukyplydyr.
Poligrafiýa önümleri hemme ýerde duş gelýär: habardyr täzelikleri gyzgyny bilen köpçülige ýetirýän gazet-žurnallar, kitaplardyr okuw gollanmalary, çeper eserler çap edilende, bukletlerdir broşýuralar, mahabat önümleri, dürli görnüşli sowgatlyk gutular taýýarlananda, biz onuň mümkinçiliklerinden ýygy-ýygydan peýdalanýarys. Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň neşirýat-çaphana ulgamy önümçilige sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde düýpli özgerişlikleri başdan geçirýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2015-nji ýylyň 29-njy aprelinde gurlup ulanylmaga berlen Metbugat öýi toplumynyň gurluşy, ondaky mümkinçilikler, täze ornaşdyrylan döwrebap tehniki enjamlar aýratyn ähmiýete eýedir.
Eýýäm birnäçe ýyllardan bäri okumyş türkmen halkyny poligrafiýa önümleri bilen üpjün edýän, dürli görnüşdäki kitaplaryň, gazetdir-žurnallaryň çap edilýän ýeri bolan Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Aşgabat şäherinde ýerleşýän Metbugat öýi toplumynynda alnyp barylýan işleriň ählisi awtomatlaşdyrylan bolup, bölümleriň hemmesinde häzirki zaman ösen tehnikalar, kompýuterler ornaşdyrylandyr. Şeýle hem bu ýerde Wallsсreen ekranlary bilen enjamlaşdyrylan otagda toplumy dolandyrmak işi kompýuterler arkaly amala aşyrylýar. Täze enjamlaryň we tehnologiýalaryň hasabyna toplumyň kuwwatlylygy 3 milliard 180 million 400 müň reňk çap basmasyna deňdir. Şeýlelikde, Metbugat merkeziniň kuwwatlylygy öňküden iki ýarym esse ýokary bolup durýar. Ýeri gelende aýtsak, önümçilik bölümlerinde oturdylan enjamlar halkara derejesinde ykrar edilen ekologiýa kadalaryna doly laýyk gelýär, olar seçilip alnanda adam saglygyna bolan täsiri doly derejede nazarda tutulandyr. Bu enjamlaryň sesi-de pes bolup, ähli önümçilik desgalarynda enjamlaryň oturdylmagy üçin zerur şertler döredilen.
Bu toplumy Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň buýurmasy boýunça bir konsorsiuma girýän Türkiýe Respublikasynyň “EREGE Inşaat Taahhýut Sanaýi we Tijaret LTD Şti” bilen Awstriýa Respublikasynyň “Heidelberger Druсmasсhinen Eastern Europe Gmbh” kompaniýalary bina etdi. Toplumyň umumy eýeleýän meýdany 8 gektara barabar bolup, onuň düzümine Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň 4 gatly binasy, Metbugat merkezi, “Çaphanahyzmatlary” döwlet kärhanasy, “Türkmenmetbugat üpjünçilik” maddy-tehniki üpjünçilik kärhanasy, mejlisler zaly, ýapyk ulag duralgalary, sport meýdançalary hem-de beýleki kömekçi desgalar bar.
Metbugat öýi toplumynda çap galyplary taýýarlananda häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary hem-de Suprasetter 106 we Lüscher XPose 230 galyp ýasaýjy enjamlar ulanylýar. Bu çap enjamlary bir gezekde bäşden sekize çenli dürli reňkli çap önümlerini, kagyz gatlaryny agdarýan goşmaça enjamlaryň hasabyna bolsa kagyzyň bir bölegini birbada iki tarapyndan çap etmäge ýardam edýär. Çap önümini doly, şeýle hem ultrafiolet lakyň peýdalanylmagy bilen aýry-aýry ýerlerini laklamak mümkindir.
Bu ýerde oturdylan enjamlaryň her biri bir sagadyň içinde 64 müň nusgalyk gazeti çap etmäge ukyplydyr. Her bir çap ediş enjamynda QI IDS reňke gözegçilik etmegiň awtomatik ulgamy oturdylandyr, ol çap edilýän kagyza tutuşlygyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
Toplumda ýumşak we gaty daşly kitaplary çap etmeklik üçin hem aýratyn usullar peýdalanylýar. Ýumşak daşly kitaplar üçin tikinsiz berkitmek boýunça ulgam peýdalanylýar. Şunda ozal adatça ulanylýan termoýelimler, şeýle hem türkmen çaphana senagatynda ilkinji gezek peýdalanylýan poliuretan ýelimler hem ulanylýar, ol kitaplaryň berkligini üpjün edýär. Gaty daşly kitaplary çap etmek üçin sowgatlyk we aýratyn ähmiýetli neşirleriň taýýarlanyş usulyny tizleşdirýän awtomatik ulgam peýdalanylýar. Integral hasaplama usuly ilkinji gezek çaphana önümçiligine ornaşdyryldy. Bu tehnologiýa Petratto SAB 100 M kesiji-ýelmeýji enjam arkaly ýerine ýetirilýär. Bu usulda gaty daşly ýeňiljek kitaplar çap edilýär, şeýlelikde, bu integral usul “önümiň” agramyny azaltmaga mümkinçilik berýär, bu bolsa, okuw kitaplary neşir edilende aýratyn ähmiýete eýedir.
Metbugat öýi toplumy diýseň köptaraplaýyn bolup, onda her bir zat aýratyn göz öňüne tutulandyr. Bu ýerde işgärleriň boş wagtynda medeniýetli dynç almaklary üçin döredilen şertler munuň aýdyň mysalydyr. Toplumda işden boş wagtlary işgärleriň sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr, bu ýerde çaýhana, naharhana, mejlisler zaly hem bar.
Toplumda ýerleşýän neşirýat gullugynyň muzeýinde Türkmenistanda neşirýat gullugynyň döreýşi we ösüşi barada gürrüň berýän köne neşirler goýlan. Onda seýrek duş gelýän golýazma neşirleri, häzirki zaman ýokary hilli neşir önümleri, şol sanda täze çap edilen kitaplaryň döwrebap görnüşleri görkezilýär.
Her gün ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzyň her bir pudagyny döwrebap ösdürýän, neşirýat-çaphana ulgamynyň önümçilik işini kämilleşdirmek üçin ähli zerur şertleri döredip berýän Garyman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan diýarymyzyň ösüşleri dowamat-dowam bolsun!
Mähriban HUDAÝGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.