Sport

Bäsleşige: Arkadagyň sungaty sen, Aşgabat!

14-05-2021 / 26

“Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine”

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz uly zähmet üstünliklerine gazanyp, taryhy ösüşlere beslenip, bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Diýarymyzyň her bir güni toýdur baýramlara, şanly senelere, taryhy wakalara, şatlykdyr şowhuna beslenýär. Toýlary goşa-goşadan gelýän halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygy, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän aýdym-sazly baýramçylyk çärelerini, goşa toýuň şanyna bagyşlanan döredijilik bäsleşiklerini Diýarymyzyň ähli künjeklerinde giňden ýaýbaňlandyrdy.

Şeýle toýly ýylymyzyň ýazynda Arkadagymyzyň Ginnesiň Bütindünýä Rekordlar kitabynda özüniň mynasyp ornuny tapan Akhan atly atynyň Aşgabat atly ilkinji taýçanagynyň dünýä inmegi-de taryha täze üstünliklerini ýazýan ýylymyzyň şanyna şan goşdy. Milli Liderimiziň şol günki şatlykly pursatlarda ylhamy joşup döreden «Ak mermerli Aşgabat» atly goşgusynda:

Ýüregi sen ýurdumyň,

Ak şäherim Aşgabat!

— diýip belleýişi ýaly, paýtagtymyz — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýurdunyň ýüregi. Şonuň üçinem ýurduň niresinde ýaşasaň-da, niresinde okasaň-da, niresinde işleseň-de paýtagtyňa bolan söýgüň ýüregiňe kuwwat, işiňe itergi berýär. Paýtagtyň özünde okamak, paýtagtyň özünde işlemek, ýaşamak, döretmek bolsa, biziň «Bagt» diýip atlandyrýan düşünjämiziň çür başydyr. Çünki ak mermerli binalary bilen ösüşler barasynda sözsüz söhbet açýan paýtagtymyz Aşgabat — Gahryman Arkadagymyzyň döreden sungaty. «Sungat» diýmek «Gözellik» diýmegi aňladýar. Gözelligiň bar ýerinde bolsa, dost-doganlyk, agzybirlik, parahatçylyk, ynanyşmak, ösüş, özgeriş, kämillik, täzeçillik… mahlasy gowulyklar diýlende ýada düşýän ähli zat bar. Şeýle gözellikleriň mizemezligi we nesillerden-nesillere uzamagy üçin ägirt uly maksatnamalaýyn işleri, oňyn özgertmeleri amal edýän Alym Arkadagymyzyň saýasynda paýtagtymyz Aşgabat gün-günden gözelleşýär, özgerýär, ösýär. Ösüşiň täze belentliklerini nazarlap, ynamly öňe barýar. 140 ýaşan şäherimiziň dünýäde, eýsem, diňe goýnunda gazanylan beýik ýeňişlerdir belent sepgitler bilen däl, özüniň älemi haýran edýän gözelligi, ekologik taýdan arassa şäherdigi bilen hem meşhur. Munuň şeýledigini paýtagtymyzyň ajaýyp binalarynyň, şeýle hem paýtagtymyzda geçirilen çäreleriň Ginnesiň Bütindünýä Rekordlar kitabyna girizilmegi aýdyň şaýatlyk edýär.

Goý, ak şäherimiz Aşgabady parahatçylygy söýüji we ylalaşdyryjy merkez hökmünde dünýä derejesinde ykrar etdiren milli Lidermiziň jany sag, başy dik, il-ýurt ähmiýetli işleri, dünýäniň parahatçylygyny pugtalandyrmakdaky beýik başlangyçlary elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

 

Jeren AGAMYRADOWA,

Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu