Awtory: Hojaberdi APBAÝEW.
«Ömür merdiwany» atly kyssalar toplumyndan parçalar
KITAP
Seniň halaýan kitabyňy kän göterip gezdim. Ol ýantorbanyň esasy hemrasyna öwrüldi. Soňabaka halys lapym keç bolup, ony ýantorbadan çykaryp, bir dostuma sowgat etdim. Şondan soňra ýantorbamyňam «içi gysyp başlady», ol-a seniň halaýan kitabyňy, menem seniň özüňi küýsäp, dertdeş bolduk.
MÖWSÜM
Tebigatda gyş bilen tomus öz orunlaryny çalşyp durýar. Ýaz bilen güýz ilki tomsa, soňam gyşa öwrenişmäge maý berýär. Ýazyň ahyrynyň yssysy, güýzüň soňunyň çigregi muny ýatlatmaýarmy? Emma magşuk öz aşygyna ýazsyz-güýzsüz bir möwsümi peşgeş berýär. Onuň diňe gyşy bilen tomsy bar.
SÖZLER
Höwesjeň aýdymçylaryň we ýaş «şahyrlaryň» döredijiligindäki biri beýlekisini gaýtalaýan jümleler soňabaka halys irizýär. «Ýanýan, köýýän, bişýän» diýen jümleler hatda Mollanepesiň «Ýanyp men ataşlaryňa» diýen ajaýyp goşgysynyňam mazasyny alyp barýar. Onsoň oturyp, «Megerem, «ýandy, köýdi» diýen jümleler ýangyn söndüriji gullugyň hasabatynda-da şonça köp ulanylmaýan bolsa gerek» diýip oýlanýarsyň.
GUŞLAR
Guşlar howa sowap başlansoň ýyly ýurtlara gyşlamaga gidýärler. Soň bolsa ozalky mesgen tutunan ýerlerine gaýdyp gelýärler.
Gadymy ýazgylar gaty ir döwürlerde häzir buzluk, doňaklyk bolup ýatan künjekleriň ýyly howasynyň bolandygyny, şol ýerde hem guşlaryň gyşlandygny aýdýarlar. Emma häzir ol ýerlere aldajy sowukdan ýaňa adam aýagyny basyp bilmeýänem bolsa, guşlar köne endigi boýunça şol ýerlere gyşlamaga gidýän ekenler.
Men düşünip bilemok. Sen şu mahal «gyşlamaga geldiňmi?» ýa-da «ozalky mekanyňa dolandyňmy?»
SAÝAWAN
Ol saýawanyny gowy görýärdi. Onuň astynda iň ýakyn adamy bilen bileje ýöreýärdi. Şol pursat hatda onuň dem alşyny-da, ýüreginiň gürsüldisini-de eşidýärdi. Belki-de, duýýardy. Emma saýawany diňe ýagyş ýaganda ulanmaly bolýandygy sebäpli, beýle pursatlar günde gaýtalanyp durmaýardy.
Ýagyş bolsa ýagyberenokdy. Onuň göwnüne bolmasa, iň ýakyny hasaplaýan adamy bilen tanşaly bäri gök gürlemesini, ýyldyrym çakmasyny, ýagyş ýagmasyny seýrekleden ýalydy.
HAT
Aşygyň magşugyna ýazan hatyndan:
— Irden turup, duz dadamok – seni küýseýärin. Günortanam – agzyma zat alamok – sen ýadyma düşýärsiň. Agşamlyk naharynam edinemok – seni göresim gelýär. Gijelerine bolsa gözüme uky gelmeýär – ajygýan!
👍👏👍👍