Düýn Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça bu forum “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan geçirildi.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygyna beslenýän şu ýylda energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen ýöriteleşdirilen forum diňe bir däp bolan görnüşde däl, eýsem, dünýäniň onlarça ýurtlary bilen teleköpri görnüşinde hem geçirilýär.
Foruma gatnaşanlaryň hatarynda hökümet düzümleriniň, ugurdaş ministrlikleriňdir pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, dünýäniň esasy nebitgaz, hyzmat ediş we konsalting kompaniýalarynyň, abraýly halkara guramalaryň we maliýe düzümleriniň, diplomatik we ylmy toparlaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.
Bu çärä dünýäniň onlarça ýurdundan 500-e golaý wekil, iri kompaniýalaryň 200-den gowragy gatnaşdy. Bu bolsa daşary ýurtlaryň işewür toparlary üçin Türkmenistanyň maýa goýum taýdan özüne çekijiliginiň artýandygyndan habar berýär.
Çykyşlarda СOVID-19 pandemiýasyndan soň, dünýä ykdysadyýetini täzeden dikeltmegiň hem-de adamzada çynlakaý wehime öwrülen dünýä derejesinde howanyň maýlamagyny nazarda tutup, ekologiýa taýdan arassa ösüşe geçmegiň zerurdygyna aýratyn üns çekildi.
Çaklamalara görä, energiýa serişdelerine bolan isleg yzygiderli artar. Şunda tebigy gaz uglewodorod serişdeleriniň içinde iň isleg bildirilýäni bolar, çünki ol ykdysady we energetika taýdan netijeli, arzan hem-de ýangyjyň ekologiýa taýdan arassa görnüşi bolup durýar. Elektroenergetika senagat ulgamy, ilkinji nobatda, önümleri giň gerimli durmuş we senagat harytlaryny, mineral dökünleri we beýlekileri öndürmek üçin çig mal bolup hyzmat edýän nebithimiýa we gazy gaýtadan işleýän pudaklary gaza bolan has ýokary islegi üpjün eder. Şonuň bilen bir hatarda, ýaşaýyş-jemagat ulag ulgamlarynda tebigy gazyň sarp edilişi artar.
Mundan başga-da, halkara jemgyýetçiligiň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler sebäpli biynjalyklanmalaryny göz öňünde tutanyňda, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, ilkinji nobatda, ýel we Gün energetikasy, wodorod we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar ulgamyndaky innowasiýalar, ýangyç-energetika toplumynyň sanlylaşdyrylmagy has-da ösdüriler.
Energiýanyň sarp edilişindäki ösüşiň ýokary depginlerine Hytaýda hem-de Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň beýleki ýurtlarynda garaşylýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz tebigy gazyň gorlary boýunça Merkezi Aziýada birinji we dünýäde dördünji orny eýeläp, Ýewraziýada ekologiýa taýdan arassa ýangyç öndüriji iri döwletleriň sanawyna girýär, ýurdumyzyň bu ugurdaky öndürýän önüminiň esasy möçberi HHR-e eksport edilýär.
Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeniň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özara bähbitli häsiýetiniň ýüze çykmasy bolup durýar.
Ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen HHR-niň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda energetika pudagynda döwletara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy.
“Hytaý tarapy hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin mümkinçiliklerden peýdalanmaga, oňa täze güýç bermäge taýýar” diýip, Sýan Naýçen aýtdy.
Forumyň işi “Bütindünýä energetika maksatnamasyny goldamakda halkara maliýe guramalarynyň wezipesi” diýen mejlis bilen dowam etdi. Şonuň çäklerinde СOVID-19-yň maýa goýumlaryna täsiri, nebitgaz kompaniýalarynyň howa baradaky Pariž ylalaşygynyň maksatlaryny ýerine ýetirmek, nebitgaz taslamalaryny maliýeleşdirmekdäki soňky ýagdaýlar bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.