Sport

Bäsleşige: Ak nura beslenen şäher

13-05-2021 / 12

“Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine”

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ak mermerli Aşgabat okgunly ösýär, günsaýyn özgerýär we gözelleşýär, çäkleri giňelýär. Ata Watanymyzyň ýüregi saýylýan Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň şanly 140 ýyllyk toýuna uly taýýarlyklar bilen barýan günlerimizde ak mermerli paýtagtymyzyň görkanalygyny synlamagyň we täze gurluşyk taslamalarynyň amala aşyrylýandygyna göz ýetirmegiň özboluşly lezzeti bardyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde paýtagtymyz uly ösüşlere, beýik özgertmelere beslendi. Munuň şeýledigine paýtagtymyzda ýerleşýän gaýtalanmajak gözelligi, gurluş aýratynlyklary bilen tapawutlanan ak mermerli binalarymyz hem aýdyň şaýatdyr. Şeýle binalar barmak basyp sanardan köp, olary sanasaň sogaby bar. Döwletimizde ählihalk baýramçylyklarynyň öňüsyrasynda täze binalary açyp ulanmaga bermek asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň döwlet başyna geçen ilkinji gününden bäri ýurdumyzda, esasanda, gözel paýtagtymyzda belent gatly ýaşaýyş jaý toplumlary, iri maksatly desgalary gurmakda ençeme tagallalar durmuşa geçirildi.

Olaryň hatarynda, 2009-njy ýylyň fewral aýynda açylyp ulanylmaga berlen bütinleý durky täzelenen Aşgabat demir ýol menziliniň kaşaň binasy, 2011-nji ýylyň 18-nji maýynda dabaraly ýagdaýda açylan Konstitusiýa binasy, Türkmenbaşy şaýoly bilen Galkynyş köçesiniň çatrygynda döredilen uzynlygy 45 metr bolan Galkynyş sütüni, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 19 ýyllygy mynasybetli açylan, alymlaryň, ýazyjy şahyrlaryň 44-siniň heýkelleri ornaşdyrylan «Ylham» çeperçilik-seýilgäh toplumy, guş uçar belentlikden synlanyňda ahalteke gölüne meňzeýän Altyn asyr Gündogar Bazary, Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy mynasybetli açylyp ulanylmaga berlen Merkezi Aziýada iň iri we döwrebap atçylyk-sport toplumy, «Oguzkent», «Ýyldyz» myhmanhanalary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan täze okuw binalary, çagalar baglary, orta mekdepleri, ýylyň ähli paslynda ýaşyl öwsüp oturan arça, sosna, tuýa, klýon ýaly bag-bakjalary, dürli reňkli, Günüň tylla şuglalary düşende öwşün atýan suw çüwdürimleri gözel Aşgabadyň görküne as-da gözellik goşýar. Ýeri gelende bellesek, Konstitusiýa binasynyň esasynyň üstünde 4 burçda şaha ýaýyp oturan ýaş nahallara meňzeş altyn öwüşginli sütünlere gondurylan parahatçylyk kepderileriň heýkeljikleri ýurdumyzyň daşary syýasatda alyp barýan parahatçylyk söýüjilik, birek-birege ynanyşmak ýaly dostlukly ýörelgelerine eýerýändiginiň ýene bir subutnamasydyr. Paýtagtymyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy gözel Aşgabadyň dünýäde ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanalmagyna uly itergi berdi.

Göreňde gözüňi gamaşdyrýan ak mermerli desgalaryň ençemesi Ginnesiň rekordlar kitabynda özüniň mynasyp ornuny tapýar. Olaryň hatarynda 2008-nji ýylda «Dünýäniň iň beýik flagştogy» hökmünde Türkmenistanyň Milli muzeýiniň öňünde ýerleşýän Döwlet Baýdagymyz, 2010-njy ýylda paýtagtymyz «Köpçülik ýerinde iň köp suw çüwdürimleri özünde jemleýän suw çüwdürim toplumly şäher» diýen at bilen, 2011-nji ýylda «Dünýäniň arhitektura-tehniki usulda şekillendirilen iň uly ýyldyzy» diýen at bilen Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy mynasybetli açylyp ulanylmaga berlen «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň täze binasy, 2012-nji ýylda binagärlik taýdan aýratynlygy bilen tapawutlanan «Älem» medeni-dynç alyş merkezi, 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda dünýäniň iň ak mermerli şäheri hökmünde Aşgabadyň 5-nji gezek, 2016-njy ýylda paýtagtymyzda gurlup ulanylmaga berlen Halkara howa menziliniň, ýolagçy terminalynyň esasy binasynyň ýokarsyndaky 705 inedördül metr haly gölüniň şekili, 2017-nji ýylda paýtagtymyzdaky Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň şekili, şeýle hem, Olimpiýa şäherjiginiň Sportuň suw görnüşleri merkezi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Ak mermerli şäherimizde durmuşa geçirilýän halkara tejribesine esaslanýan şähergurluşyk taslamalary mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär.

 

Aýsenem ATAÝEWA,

 Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu