Göwün küýsegi

700 ýyllyk altyn nesihat

12-05-2021 / 13

Okajak ýazgyňyz, meşhur yslam alymy Şeýh Edeb-Alynyň Osman imperiýasynyň düýbüni tutujy we giýewisi Osman Baýa beren maslahaty.

Diňle ogul: “Daňdan dünýä inip agşam namazynda dünýeden ötýän adamlar bar. Güýçli, kuwwatly, paýhasly we dilewarsyň, ýöne nirede we nädip ulanmalydygyny bilmeseň, säher şemaly uçup gaýyp gidersiň … Gaharyň we nebsiň  bir bolup, aklyňy ýeňer.  Elmydama sabyrly, tutanýerli we özüňe erk edip bilýän adam bolgun.  Dünýä gözleriňiziň görşi ýaly uly däl.  Jogap berilmedik ähli syrlar, näbelli, bilinmeýän, görünmeýän zatlar diňe siziň ynsaplylygyňyz, erjelligiňiz bilen ýüze çykar.  Ejeleriňizi we kakalaryňyzy hormatlaň, bollyk-bereket şolar bilendir.  Bu dünýä bolan ynamyňy ýitirseň, gülläp otyrkaň solarsyň, çöle öwrülersiň.  Dogry sözli bol, her sözi özüňe kabul etme. Bilseň bilmeseň, gören zadyňy aýdyp ýörme. Söýülýän, hormatlanýan ýeriňize ýygy-ýygydan  gidip-gelmäň,  wagt geler,  söhbetdeşligiňiziň manysy, siziňem abraýyňyz gaçar.  Üç adama haýpyň gelsin: Jahyllaryň arasyndaky alyma, baý wagty garyp düşene we abraýlyka abraýdan gaçana. Hiç wagt ýatdan çykarma, beýiklik, aşakdaky ýaly howpsuz däldir. Hakly wagtyň göreşmekden gorkma. 

Bilgin atyň gowusyna “dor”, ýigidiň gowusyna “däli”  diýýändirler “.

 

Terjime eden:  Gülşat ÇETILIÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

 

Ünsüňizi çekip biler

2 Yorum

Leave a Reply

Başa dön tuşu