Berkarar Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiz köptaraplaýyn ösdürilýär hem-de sanly innowasiýalary ornaşdyrmak babatynda möhüm ädimler ädilýär. Döwletimizde alnyp barylýan belent maksatly özgertmeler netijesinde senagat pudaklary toplumlaýyn sanlaşdyrylýar. Munuň özi bolsa ösen senagat ýurdy hökmünde dünýäde belli bolan ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de artdyrylmagynda esasy görkezijileriň biridir.
Ykdysadyýetiň möhüm ugurlary bolan gaýtadan işleýän senagat pudagy, önümçilik, hyzmatlar, önümleriň eksport kuwwatlylygynyň has-da ilerlemeginde öz beýanyny tapýar. Bu ugurda geçirilýän özgertmeler “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Senagatyň önümçilik kuwwaty artdyrylyp, importyň möçberini azaltmak bilen birlikde, eksport mümkinçiliginiň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Ady agzalan senagat pudaklarynda innowasion özgertmeleriň alnyp barylmagy dünýäniň ösen ýurtlary bilen aýakdaş gitmäge uly şert döredýär.
Şular bilen bir hatarda bilim ulgamyny sanlaşdyrmak, olaryň maglumat binýadynyň goruny giňeltmek, ýokary tehnologiýaly bäsleşige ukyply programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak boýunça geçirilýän çäreler bolsa, häzirki innowasiýalaryň ösen eýýamynda ornaşdyrylýan döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan, giň dünýägaraýyşly, özbaşdak pikirlenip, ony durmuşa geçirip bilýän täze nesliň kemala gelmeginde netijeli çözgüt bolup durýar. Elbetde, sanly ulgama geçmek bilen senagaty ösdürmegiň innowasion ugurlaryny kesgitlemek döwrüň zerurlygy bolup, giň maglumatlar goruna eýe bolmazdan hem-de maglumatlar binýadyny döretmezden senagaty innowasiýalaşdyrmak mümkin däl.
Bu ugurda gazanylýan oňyn tejribeleri senagatda innowasion işi dolandyrmakda ulanmak möhüm ähmiýetli ugurlaryň biridir. Şeýle ähmiýetli netijeler bolsa bazar ykdysadyýetiniň şertlerinde ýokary sepgitleriň ýetilmegine, bäsleşige ukyply önümleriň öndürilip eksport mümkinçiliginiň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Senagaty innowasiýalaşdyrmagyň möhüm ugry hökmünde hünärmenleriň başarnygy, kämilligi nazara alynýar.
Kuwwatly ykdysadyýetimiziň ýokary derejä göterilen döwründe kanunçylyk binýady hem berkidilip, ähli şert-mümkinçiliklerde raýatlaryň bähbitleri göz öňünde tutulyp durmuşa geçirilýär. Çünki ýurduň ösüşi raýatlaryň halal zähmet çekip, halal gazanmagy, ykdysady kuwwatyň ýokarylygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ösdürilmegi, senagatyň çalt depginler bilen innowasiýalaşdyrylmagy, kämil tehnologiýalaryň yzygider dumuşa ornaşdyrylmagy döwletimiziň okgunly ösüşlerinden habar berýär. Şeýle umumadamzat bähbitli beýik işleriň sakasynda duran hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys!
Aknur ATAÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.