Habarlar

Beýik Ýeňişe bagyşlanan türkmen saz eserleri

09-05-2021 / 12

Şu  gün 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňiş baýramynyň 76 ýyllyk şanly senesi uly dabara bilen bellenilýär. Biziň ýurdumyzdan bu gazaply urşa gatnaşan weteranlarymyzyň sarpasy belent tutulýar, olara gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar. 

1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň söweşlerine doganlyk halklaryň wekilleri bilen bir hatarda, ýüz müňlerçe türkmen mert ýigitleri hem gatnaşdylar we gazanylan ýeňşe öz mynasyp goşantlaryny goşdular. Olaryň içinde türkmen şahyrlary we sazandalary hem bardy. Moskwanyň P.Çaýkowskiý adyndaky Döwlet konserwatoriýasynda okap ýören, türkmeniň meşhur bagşysy Sary bagşynyň körpe ogly, ýiti zehinli sazanda Nury Saryýew bu gazaply urşa meýletin gidip, gahrymanlarça wepat boldy. Onuň ady Moskwanyň Döwlet konserwatoriýasynyň Hormat tagtasynda altyn harplar bilen ýazyldy. Türkmenistanyň halk artistleri, doganlar Weli we Nury Muhadowlar, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Çary Artykow, kompozitor Orazmuhammet Gurbannyýazow ýalynly ýyllaryň aldym-berdimli söweşlerine gatnaşyp, sag-aman Ata Watana dolanyp geldiler. Olar görkezen edermenlikleri üçin, birnäçe orden-medallara mynasyp boldular. 

“Türkmen sazynyň goja bagbany” hasaplanýan Mylly Täçmyradowyň uruş döwründe döreden “Ugradyş”, “Hüjüm”, “Ýeňiş” atly sazlary öz çeperçiligi bilen tapawutlanýar. 

Döredijiliginde uruş temasy eriş-argaç bolup geçýän halypa kompozitorlaryň biri hem, Türkmenistanyň halk artisti, professor Weli Muhadowdyr. Ussat kompozitor 2-nji “Gahrymançylykly” simfoniýasyny Sowet Soýuzynyň Gahrymany Aýdogdy Tahyrowyň ýadygärligine bagyşlap, 1984-nji ýylda döredipdir. Urşuň aýylganç ýüzüni öz gözleri bilen gören kompozitor, 4 bölümden ybarat bu iri simfoniki eserinde dartgynly wakalary, soňky bölüminde bolsa, gazanylan Beýik Ýeňşi simfoniki orkestriniň saz gurallarynyň üsti bilen ussatlarça suratlandyrýar. Weli Muhadowyň 2-nji simfoniýasy belli dirižýor Wasiliý Sinaýskiniň ýolbaşçylygynda Moskwa we Riga şäherlerinde uly üstünlik bilen ýerine ýetirildi. 

Türkmenistanyň halk artisti Nury Halmämmedow 1974-nji ýylda meşhur şahyr Gurbannazar Ezizowyň goşgularyna “Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlaryň ýadygärligine” atly wokal simfoniki triptihini ýazyp, diňleýjilere hödürledi. 3 bölümden ybarat bu eseriň bölümleri “Giriş”, “Esgeriň ýatlamasy” we “Rekwiem” diýip atlandyrylýar.  Halkyň söýgüsini gazanan ýene bir eser, kompozitor Nury Halmämmedowyň şahyr Geldi Bäşiýewiň goşgusyna döreden “Gahrymanlar hakynda balladasyny” Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Saparmyrat Babaýew hem-de “Gökdepe mukamlary” aýdym-saz toparynyň aýdymçylary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. 

Türkmenistanyň halk artisti, meşhur kompozitor Çary Nurymow 1972-nji ýylda ses we orkestr üçin poemasyny wokaliz, ýagny sözsüz aýdym görnüşinde ýazypdyr. Bu ajaýyp eseri ilkinji bolup, Türkmenistanyň halk artisti, belli opera aýdymçysy Medeniýet Şahberdiýewa simfoniki orkestriň sazandarlyk etmeginde ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.

Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Daňatar Hydyrow Gurbannazar Ezizowyň goşgularyna “Front ýollarynda”, “Sagbol, ene mekan” aýdymlaryny döretdi. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Gurbandurdy Çaryýew, şahyr Muhammetmyrat Kömekowyň goşgusyna döreden “Agam nirede?” diýen aýdymyny, Türkmenistanyň halk artisti Toýguly Jepbarow hoş owaz bilen aýdyp, diňleýjileriň söýgüsine mynasyp boldy. Kompozitor Ýazgylyç Aşyrow moldowan şahyry Grigore Wierunyň “Intizar enäniň aýdymy” (türkmen diline terjime eden Annaberdi Agabaýew) goşgusyna aýdym döretdi.

Umuman, türkmen kompozitorlarynyň uruş temasynda döreden ajaýyp eserleri häzirki Bagtyýarlyk döwründe-de, öz gymmatyny ýitirmän gelýär. Ussat halypa kompozitorlarymyza we bagşy-sazandalarymyza uly hormat goýýan, olaryň mirasyny öwrenmäge uly mümkinçilikler döredýän mähriban Arkadagymyza uly sagbolsun aýdýarys. 

 

Annagül HUDAÝBERDIÝEWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymy. 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu