Göwün küýsegi

Köne kitabyň saralan sahypasyndaky aşagy çyzylan setir

08-05-2021 / 23

Awtory: Orazmyrat MYRADOW,

“Nesil” gazetiniň jogapkär kätibi.

 

Kitaphanamda okalanu-okalmadyk juda köp kitap bar. Olaryň anyk sanyny hem bilemok. Olary wagtal-wagtal gözden geçirmek maňa nähilidir bir hili ruhy lezzet berýär. Elime alyp görenimde käbiriniň başynda ony haçan we nirede satyn alandygymy bellik edipdirin. Käbiriniň ahyrky sahypasynda ol kitaby haçan okap çykanlygymyň senesini bellik edipdirin. Käsinde-hä hatda iki, üç ýola okalyp çykylandygyny aňladýan iki-üç sany sene-de bar.

«Bu kitap gaýta-gaýta okalmaga mynasyp eser» diýip eden belligim hem gabat gelýär. Kitap bilen bagly mende ýene-de bir köplenç gaýtalanýan ýagdaýlaryň birini ýatlasam, käte bir kitaby okap başlaýan, derrewem okap çykýan-da, onuň satyn alnan we okalyp çykylan senesiniň arasyndaky wagt barada, ýagny bu kitaby okalman, ýitiren şonça möhletim barada ökünip, oýa batýaryn. «Näme üçin men bu kitaby satyn alan badyma okamadymkam?!» Köplenjem bada-bat okap ýetişmesem hem, okasym gelende ony dükanlardan ýa bolmasa, tanyş-bilişlerden gözläp ýörenimden, tapmak mümkinçiligimiň barlygy üçin hem gabat gelen çagy gowy kitaby satyn almagy ertelemeli däl diýen netijä gelýärin. Garaz, dükanda durandan öýde duran kitabyň okalmak ähtimallygy has ýokary bolýar.

Ine, tekjede duran kitaplaryň birini elime aldym. Ol könelip, sary giden sahabyndaky surat solup ugrapdyr. Agdarylmakdan ýaňa sahypalarynyň aşaky sag burçy saralmakdan hem ötüp, bir hili goňrumtyl reňke eýlenipdir. Sahypalaryny waraklap oturyşyma öň eden käbir belliklerime, ýagny aşagyny çyzan ýa-da gabadyna nyşanjyklar goýan ýerlerime ýaňadan ser salýaryn. Birdenem aşagyny çyzyp hem oňman, gapdalyna-da bellik eden bir jümläm ünsümi çekdi. «Adamyň ömründe iki sany iň bir möhüm gün bardyr: doglan güni hem-de näme üçin doglandygyna düşünen güni». Ynha, şu setir hem meni çuňňur oýa batyrdy.

Elbetde, haçan doglandygyny-ha her bir kişiniň özi bilýändir. Ýek-tük adam doglan senesini magat bilmese-de, özüniň ata-enesi tarapyndan nähilidir bir tebigy ýagdaý bilen ýa-da belli bir möwsüm bilen baglanyşykly halda aýdanlaryndan, ýa bolmasa «Pylanydan pylança günlük ulusyň…» kimin sözlerinden çen tutup, özleriniň haçanyrak doglandygyny anyklaşdyryp bilendirler.

Dile geldi — bile geldi. Bu aýdylan pikir bilen bagly ýene bir ýagdaýy ýatlap geçeýin. Belli terjimeçi Annaly Berdiýew bir gezek oglanlyk ýyllaryny ýatlanda mekdep okuwçysyka, bir lukmanyň atyň dişine seredişi ýaly, usul bilen özüniň çen bilen näçe ýaşyndadygyny kesgitländigini aýdypdy…

Garaz, umumylaşdyryp aýdylsa, adamlaryň ýüzde togsan dokuzysy haçan doglandygyny bilýär. Menem şol togsan dokuzyň içinde. Ýagny gije bilen gündiziň güýzki deňleşýän pursadynda dünýä inipdirin. Edil haýsy bäbekhanada doglanymy-ha bilemok, ýöne göbegenemiň mätişge bolandygyny aýdýardylar. Şoňa esaslanyp özümiň beýleki doganlarym ýaly, öýdäki «çuwaldan tapylmandygym» barada anyk netijä gelipdim…

Bu zatlary aýtmak bilen, men özümi haçan doglandygyny bilýänleriň sanawyna juda ynamly goşdum welin, näme üçin doglandygyny bilýänleriň sapynda ýer almaga mynasypmykam beri?! Şübhelenýärin… Köne kitabyň saralan sahypasyndaky aşagy çyzylan setir meni iňkise giderdi, agyr oýa batyrdy…

Ünsüňizi çekip biler

Bir Yorum

Leave a Reply

Başa dön tuşu