HabarlarTrend we gözellik

Moda täzeligi: Dizaýnerler bäsleşdiler

08-05-2021 / 15

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen her bir ugurda, aýratyn hem dokma pudagynda ýetilýän sepgitler, gazanylýan üstünlikler buýsandyryjydyr.  Häzirki günlerde paýtagtymyzda  Ak şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýunyň, şeýle hem şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli  gurnalýan dabaralarda öz işiniň ussady bolan zehinli dizaýnerlere, has takygy dokma pudagynyň lybas döredijileriniň ýeten sepgidini açyp görkezmäge uly mümkinçilik döredi.

Düýn hem Türkmenistanyň Dokma senagat ministrliginiň Modeller öýünde zehinli dizaýnerleriň arasynda “Bagtyýar zamananyň döwrebap lybaslary” atly baýramçylyk bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşikde ýurdumyzyň bäş künjeginden gelen ökde dizýnerler özara bäsleşdiler.

Köpsanly tomaşaçylara, şeýle hem emin agzalaryna dabalara geýilýän özboluşly lybaslar, gündelik we sport, şeýle hem çagalar üçin egin-eşikleri görkezildi. Lybaslaryň ählisi ýurdumyzda öndürilýän ekologiýa taýdan arassa matalardan tikilendigi bilen bir hatarda, gaýtalanmajak gözelligi, nepisligi bilen tapawutlanyp, bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça: Telekeçi Wiktor Şohin 1-nji ýere, “Abadan” milli modalar öýi 2-nji ýere , 3-nji ýere bolsa telekeçi Selbi Ýusupowa eýe boldular.

 

 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu