Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, şeýle hem Halkara ynsanperwerlik hukugyny we Halkara Gyzyl Haç Komitetini esaslandyryjy Anri Dýunanyň doglan güni mynasybetli bäsleşik geçirildi.
Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary gatnaşdylar. Bäsleşigiň emin agzalary hökmünde Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň wekili, Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Türkmenistandaky wekilhanasynyň baştutany gatnaşdylar.
Bu bäsleşigiň maksady gatnaşyjylaryň halkara hukugy we halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça bilimlerini artdyrmagyna we tejribede ulanmagyna gönükdirilip, gatnaşyjy toparlar özlerini tanyşdyrmak, dürli soraglara jogap bermek we her dürli ýagdaýlarda baş alyp çykmak, şeýle-de prezentasiýalardyr, wideorolikleri taýýarlamak şertler boýunça bäsleşdiler.
Bäsleşigiň ahyrynda ýeňiji diýlip Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň topary yglan edildi. Bäşleşige gatnaşan ähli toparlara hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşyjy hukukçy talyplar okamaga öwretmäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän mähriban Arkadagymyza köp sagbolsunlar aýtdylar.
Jahan Öräýewa
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň III ýyl talyby