2021-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň “Paýhas we parasat” ylmy gurnagynyň guramagynda Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäherindäki “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gezelenç edildi. Oňa institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Täsirli geçen gezelenjiň dowamynda “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň içindäki “Watan mukaddesligi” muzeýine aýlanyldy. Ol ýerde mugallymlar talyp ýaşlara muzeýiň içindäki ähli Watan Gahrymanlarymyz barada, şeýle-de şol döwürde halkymyzyň durmuşyny suratlandyrýan taryhy maglumatlary giňişleýin gürrüň berdiler. Şonuň ýaly hem, ol ýerde ýerleşdirilen ajaýyp heýkeller, gadymy türkmen galalarynyň we obalarynyň keşpleri, bäş sany sütüniň içinde ýerleşdirilen “Baky ot” ýadygärligi we beýleki şekilli görnüşler talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy we ata Watanymyza hem-de baky Gahrymanlarymyza bolan buýsanjy has-da artdyrdy.
Jennet OMAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.