(«Jeren» salon hakynda Jeren gelnejeden kelam agyz….)
«Dünýäni gözellik saklaýar» diýen jümle ählimize tanyş bolsa gerek. Adamzat dünýäsi gözelligi ýaradýar we her bir ynsan şol gözelligiň hözürini görüp ýaşamaga endik edinýär. Bu gözellik olaryň ömürlerine we durmuşlaryna ýalkym saçýar. Ýurdumyzda gözellikleri döredýän merkezler, gözellik salonlary mydama halkymyzyň hyzmatynda. Şeýle hyzmatlary bilen ençe ýyllardan bäri türkmen zenanlaryna öz hyzmatlary bilen gözellik paýlap gelýän salonlaryň içinde «JEREN» salonyň adyny aýdyp bolar. Bu salon 2004-nji ýylda işe girizilip, döwrümize mynasyp hyzmatlary bilen halk köpçüliginiň alkyşly sözlerine mynasyp bolup gelýär. Biz hem döredijilik toparymyz bilen «JEREN» salonyň ýolbaşçysy Jeren gelneje bilen söhbetdeş boldyk. Ol bizi gyzyklandyrýan sowallara şeýle jogaplary berdi.
-Jeren gelneje ilki bilen biziň guran söhbetdeşligimize gatnaşanyňyz üçin köp sagbolsun aýdýarys. Zenan aslynda gözellige maýyl bolýan we öz gözellikleri bilen görenleri maýyl ediji ynsan. Söhbetdeşligimiziň başyny Zenan dünýäsi barada gürrüňleriňizden başlaýaly..
– Sagboluň. Elbetde zenan dünýäsi örän näzik we syrly dünýä. Bu dünýäniň açary bolsa olara berilýän ünsde, mähirli gatnaşyklarda, daşyny gurşap alan gözelliklerde bolýar. Her bir zenan mähre maýyl bolýar. Olar öz mährini töwregindäkilere paýlaýar we şoňa görä-de, töweregindäkileriň üns merkezinde bolmagy gowy görýär.
Zenan gözelligi onuň edep-ekramynda, arassaçylygynda, göze ýakymlylygynda, mähir-muhabbetinde diýip düşünýärin.
-«JEREN» salonyň hyzmatlary…
– Bu salon 2004-nji ýylda döredilip şondan bäri ynsanlaryň iň bagtly pursatlarynyň şaýady bolup gelýär. Salonyň hyzmatlary barada aýdanymyzda türkmen toýuna laýyk bezeg işlerini alyp barmakda, gyz-gelinleriň bagtly pursatlaryny has-da ajaýyp görkezmekde mynasyp bolan lybaslaryň dürli görnüşleri, maşyn bezegleri, türkmen gelin-gyzlarynyň sünnäläp tiken el işleri bolan dürli görnüşli we dürli reňkli, durmuşa gadam basjak gyzlarymyzyň gözelliklerine gözellik goşýan kürteler, börükler, üme edilende bukja etmek üçin niýetlenilen bezeg görnüşleri, milli şaý-seplerimiz, ýüz arassalaýyş we timarlaýyş işleri ýokary derejede guralandyr. Dürli reňkdäki ýewropa görnüşli toý lybaslary, umuman hyzmatlarymyzyň gerimi uly we her bir müşderilerimizi kanagatlandyrmak üçin elimizden gelen hyzmatlarymyzy gaýgyrmaýarys.
-Häzirki wagtda durmuşa çykýan gyzlar nähili lybaslara köp isleg bildirýärler.
– Şu salonyň işe başlanyna 20 ýyla golaý wagt bolup gelýär. Her ýylda-da islegleriň görnüşleri artyp, täze-täze görnüşleriň döremegine sebäp bolýar. Emma milli lybaslarymyza bolan isleg hijem gowşamaýar. Häzirki wagtda has-da milli lybaslarymyzyň ýoýulmazdan döwrebaplaşdyrylyp, täze görnüşe, täze nagyşlar bilen bezelmegi netijesinde türkmen gyzlarymyzyň, gelinlerimiziň göwni hoş bolup, islegli lybaslaryny almaga mümkinçilik döredýär.
-Türkmen gelin-gyzlarynda görýän iň gowy häsiýetiňiz.
– Toý sähedi bellenenden soňra bu ýerdäki lybaslara islegleri boýunça gelýän gyzlar köplenç ejeleri bilen gelýärler. Göwnüne ýaraýanyny ejeleri ýa-da geljekki gaýyn eneleri bilen maslahatlaşyp, ondan soňra belli karara gelýärler. Eýýäm şu-da türkmen gyzynyň sylaşykly boldygyndan, özlerinden ululara goýýan hormatyndan nyşan bolup durýar. Türkmen gyzlarynyň şu häsiýetlerini has-da gowy görýärin. Bu ýerde birä sylaşyk, birem oňuşyklylyk ýaly ajaýyp häsiýetler ýüze çykýar.
-Türkmen zenanlaryna berjek maslahatlaryňyz…
-Maslahatlarym, her bir türkmen gyz-gelini tebigy taýdan gözelligini ýitirmejek bolmaly. Tebigy gözellik ynsany has-da sada, hakyky, mähirli we ýakymly görkezýär. Gözüň düşende, eýýäm şol zenanda gözüň eglenenini duýmany galýarsyň.
Mundan başga-da toý lybaslaryny saýlanlarynda gyzlara maslahatym, tebigy reňklerine görä lybas saýlasalar we baran hyzmat öýlerindäki ýörite hünärmenleriň maslahatlaryny diňleseler, gowy bolar diýip pikir edýärin. Mysal üçin şu ugurda aýdyp geçsem:
Akýagyz gyzlara haýsy reňkdäki lybasy geýende-de gelişýär, saryýagyz gyzlar saýlawynda has-da gülgüne, açyk gök reňkdäki lybaslary göz öňünde tutsalar gowy, garaýagyz gyzlar ak we süýt reňkdäki lybaslara ýykgyn etseler has gowy bolar diýip pikir edýärin.
-Geljekki maksatlaryňyz.
-Ýurdumyzda mähriban Arkadagymyzyň tagallalasy bilen zenan mertebesi, zenan hormaty uly derejelere ýetýär. Geljekde-de türkmen zenanlarynyň gözelliklerine gözellik goşmakda, milli we ýewropa lybaslarymyz, milli şaý-seplerimiz, bezeg işlerimiz bilen halkymyza hyzmat etmekde işlerimizi kämil derejede alyp barmagy maksat edinýäris.
-Sagboluň. Haýyrly we döwletli işleriňiziň mundan beýläk-de rowaç almagyny arzuw edýäris.
– Zenan dünýäsiniň waspçysy bolup, olaryň içki we daşky gözellikleri baradaky gürrüňleri halkymyza ýetirmekde alyp barýan işleri üçin «turkmengazet.com» saýtynyň döredijilik toparyna-da köp sagbolsunymy aýdýaryn, işleriňiz ugruna bolsun!
-Sagboluň.
Söhbetdeş bolan: Şaperi OTUZOWA,
žurnalist.