HabarlarReportaž

Ýokary derejeli hyzmat, dogry maslahat, netijeli iş…

04-05-2021 / 13

Adaty bir iş günüdi. Biz, ýagny TÜRKMENgazet web sahypasynyň döredijilik topary paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän “Makul Hyzmat” hususy kärhanasynda myhmançylykda.

Gelin-gyzlar hersi bir dilde terjime edip otyr. Ählisäm ýaş. Birbada bu kärhananyň ýolbaşçysyny gözläp ýörşümize, asyl biz Altyn Nurmuhammedowanyň edil gapdaljygynda dur ekenik. Ol öz işgärleri bilen deňine zähmet çekip, terjimeçilik işi boýunça bir meselede derwaýys maslahatlaryň nobatdakysyny berip dur.

Altyn bizi juda gowy garşy aldy. Müşderiler bilen hem şu mylakatlylygyny, gülerýüzlüligini saklaýan Altynyň bu edähedini biz juda haladyk. Bu adamlar bilen işleşmegem, gatnaşmagam ýakymly bolýar. Biziň gürrüňimiz uzak dowam etdi. Çünki ýaş bolmagyna garamazdan, belli bir derejä ýeten Altynyň berýän her bir maslahaty gyzyla gaplaýmaly…

“Makul Hyzmat” hususy kärhanasynyň baş direktory Altyn Nurmuhammedowa saýtymyza beren gürrüňinde, kärhananyň intellektual telekeçilik başlangyçlardan ugur alyp hereket edýändigini, müşderlerine ýokary hilli we amatly bahadan hyzmat bermek bilen, şol  bir wagtda giň halk köpçüligi üçin amala aşyrylýan taslamalara özleriniň mümkinçlilikleriniň çäklerinde gatnaşýandygyny aýtdy.

Baş direktoryň berýän maglumatlaryna görä, kärhananyň esasy ugry terjime hyzmatlary bolup, esasan hem edara-kärhanalara we daşary ýurtlarda bilim almak isleýän talyplaryň resminamalarynyň terjime işlerini amala aşyrýar. Hukuk, saglyk, kärhanalaryň esaslandyryş resminamalary, pasport, orta bilim şahadatnamasy,  şahadatnamalar, ynanç hatlar ýaly resminamalar “Makul Hyzmat” Terjime merkeziniň amala aşyrýan terjime işleriniň entek käbiridir. Bellemeli zat, bu terjime merkeziniň amala aşyran terjimeleri Türkiýäniň Aşgabatdaky Ilçihanasy we beýleki Ilçihanalar tarapyndan hem kabul edilýär.

Bu ýokary derejeli kärhanalar, wekilhanalar bilen işleşjek bolsaň, atyň kellesi ýaly ýürek gerek, ýa-da bimöçber ukyp, başarnyk we zehin gerek. Bu kärhananyň gelin-gyzlarynda bu häsiýetleriň ählisi jemlenen. Işine eserdeň, jogapkärli işgärleriň töweregiňde zähmet çekse, işleriň onsoň, neneň ugruna bolmasyn.

Altyn Nurmuhammedowynyň berýän maglumatlaryna görä, “Makul Hyzmat” terjime merkezi, häzire çenli şu taslamalara işjeň gatnaşdy:

  1. “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşikleri ( jemi 4 gezek)
  2. Žurnalistleriň arasynda geçirilen şaşka bäsleşigi (jemi 2 gezek)
  3. Makul Sözlük taslamasy.

Altynyň berýän gürrüňlerini biz gyzyklanyp diňledik. “Makul Hyzmat” hususy kärhanasynyň ähli işgärlerine uly üstünlikler arzuw etdik. Çykyp barýarkak, elimize “Makul Hyzmat” ýazgyly torbany tutdurdylar. Içinde bu kärhananyň ady bilen ýazgy depderçeler, ýyllyk senenama ýazgysy, bellik üçin kagyzlar, hat-da çaý ýa kofe içmek üçin bulgur hem bar eken. Diýmek, bu at eýýäm brendleşipdir. Çünkü birnäçe ýyldan bäri hereket edýän bu kärhana belli bir üstünlikleri gazanyp, halk arasynda uly abraýa eýe…

Telefon belgileri: +993 63 78 96 73 / +993 12 96 48 55

Elektron salgysy : makulhyzmat@gmail.com

Web : www.makulhyzmat.com

Poçta salgysy : Aşgabat şäheri Ankara köçesi (Aýtakow-Ýubileýni) A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 401.

 

TÜRKMENgazet saýtynyň habarçysy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu