Göwün küýsegi

Enemi ýatlap…

03-05-2021 / 8

Enem hakynda ýazasym gelýär. Ýogsam enemiň menden göwni galyp barýan ýaly. Her kim üçin hem ýakyn garyndaşlaryndan öňe geçjek zat ýokdur. Menem enemi gaty gowy görýärdim. Tomusky dynç alyş möwsümine enemlere gitmek üçin garaşar ýörerdim.

Enemde täsin medeniýetlilik bardy. Belki, bu ençeme ýyl «pylanynyň aýaly» diýen ady götereninden şeýle bolandyr, bilmedim. Enem elmydama gaharyny gizlemäni başarardy. Onuň sesini gataldanyny hiç görmedim. Özi ýaly deň-duş aýallaryň arasynda oturanda-da dim-dik oturýanyndanmy, ýaly-ýult etmeýänindenmi, kän gürlemeýänindenmi saýlanar durardy. Men bolsa, oňa elmydama buýsanardym. Enemiň bizi urmaga däl, eýsem sesini hem gataldyp, gygyryp bilmezdi. Ýöne enem käýýärdi, birhili agyr sözler bilen närazylygyny bildirerdi.

Bir gezek bolsa bäş ýaşyndakam, enem «meniň gyzym palowy edeplije iýýär, pylanyň gyzy aýasyny doldurup dykýar welin, daşyndan utandym» diýdi. Enemiň meni öwenine, menden razy bolanyna begenjime tas guş bolup uçupdym. Şodur-şodur hemişe naharyň başynda edepli iýip-içmegiň terbiýesine juda üns berýäris, hamala enem şu wagtam bize seredip oturan ýaly…

Enemiň şeýle terbiýe berşi bardy. Beýle sözleri enem mydama diýip ýören däldir-dä ýogsam uly waka ýaly ýadymda galmazdy. Indi özümiz perzentli bolduk. Çagalarymyza hem şaçagyň başynda oturup iýip-içmegiň medeniýetini çintgäp-çintgäp öwretmäge çalyşýarys. Bu medeniýet ata-babalarymyzdan bize miras galypdyr.

Bir öýde saçagyň ýaýylmasa, töweregine hem tutuş maşgala agzalarynyň jemlenmesi agzybirlikden nyşandyr. Nahary ilki ulynyň datmagy, sag eliň bilen naharlanmak, saçagyň başyndan turjak bolsaň, şol öýüň ýaşulysyndan rugsat almak, nahara at dakmazlyk, nahardan öň işdäňiz açyk bolsun diýmeklik, şeýle-de nahardan soň bişiren adama ýakymly söz bilen sag bolsun aýtmaklyk türkmeniň gadymdan gelýän däplerindendir.

Enemiň ýene bir aýdan sözleri hiç ýadymdan çykanok. Atam pahyr 2000-nji ýylda dünýeden ötdi. Şol ýylam agamyzyň agtygy boldy. Adyna atamyň adyny dakdyk. Doktordan gelenimizde: «Ene, atam geldi» – diýip gujagyna berdiler. Enem şonda owadan ýylgyryp: «Gidende-de bilýädimle eglenmän geljegini…» Enemde atama garşy üýtgeşik hormat bardy. Belki şonuň hormaty bizde kiçilikden atamyza başga göz bilen seretdirendir.

Atam öýünde elmydama medeniýet bardy. Munda enemiň täsiri gaty uludy. Medeniýetlilik, sabyrlylyk, mähirlilik, gerek ýerinde sowukganlylyk her bir türkmen maşgalasyna zerur häsiýetlerdir.

 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu