
Diýarymyzyň telekeçileri towuk etini we ýumurtga, süýji-köke, et hem-de şöhlat önümlerini, şireli içgileri, ösümlik ýagyny, çörek, gök-bakja, süýt we beýleki azyk önümleri öndürýärler hem-de içerki bazary doly üpjün edýärler. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň garamagyna bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak barada birnäçe teklipler hödürlenildi.
Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Dokma senagaty ministrliginiň işi bilen baglylykda, döwrebap, ýylyň dürli möwsümlerine laýyk gelýän aýakgaplary hem-de egin-eşikleri öndürmek maksady bilen, alyjylaryň isleglerini içgin öwrenmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Ýurdumyzyň telekeçilik ulgamyny ösdürmegi höweslendirmek maksady bilen, ykdysadyýetiň hususy pudagyna döwlet goldawyny bermek boýunça teklipler taýýarlanylmalydyr. Kiçi we orta telekeçilige maliýe hem-de maddy-enjamlaýyn taýdan kömek berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz munuň ýurdumyzyň eksport kuwwatyny hem, ilatymyzyň hal-ýagdaýyny hem ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi.