1.Begenmek.
Çaga ýaly ýürekden begenip bilmek. Eýsem dünýäde çaga gülküsinden päk gülki barmyka?!
Eger çagajygyň eline süýji ýa-da kiçiräk oýunjak berseň çagajygyň begenjinden diriň-diriň böküşini görersiňiz. Biz bolsa, durmuşuň bize eçilenlerini az görýäris. “Onda ulag bar, olaryň jaýy biziňkiden owadan…” Eýsem biz näme üçin elmydama özümiziňkiden owadan, gowy zady bolanlara seredýäris? Ata- babalarymyz “Beýigi görde pikir et, pesi görde şükür et” diýmeklerem ýöne ýerden däl bolsa gerek?! Geliň, çagalardan begenmegi öwreneliň. Elimizdäki bar bolan zada şükür etmegi öwreneliň. Şonda durmuşymyzyň her bir güni reňkli ýatlamalardan dolup, has-da gözelleşer.
2. Bagyşlamak
Syn edip gördüňizmi? Çagalar uzak gaty görüp, öýkeleşmeýärler. Derrew ýaraşýarlar. Düýn sögüşen ýalydyrlar welin, eýýäm bu gün gülüşip, oýunjaklaryny paýlaşyp oýnap ýörler. Biz näme? Iki-üç ýyllap gaty görüp gezýän mahallarymyzam kän bolýar. Ýüregimizde şol öňki öýke-kineleri göterip ýörüs. Ne özümiz bagyşlaýarys ne-de bagyşlatdyrýarys?! Biz göwnümize degen adamlary bagyşlaman, aslynda diňe özümizi jezalandyrýarys. Içimizdäki agyr ýüki göterip gezmäge özümizi mejbur edýäris. Bagyşlasak bolsa, olara ýagşylyk etdigimiz diýip pikir edýäris. Aslynda bolsa, olary bagyşlamak biziň özümize eden ýagşylygymyzdyr. Çagalardan öwrenmeli esasy zadymyz hem şu bolsa gerek?!
3. Kömek etmek
Çagalara oýunjak ýa-da süýjijik berip görüň, çaga üçin senden gowy adam ýok.
“Gel köşegim şuny al, gel ejeňe kömek edäý “ diýseň ylgaşlap, näme diýseň edip ýörendir. Eýsem biz näme üçin kömek etmeli däl?
Biz hemmämiz şatlyk üçin doguldyk,
Şoň üçinem geçdik, ine, şunça ýol.
Şat günleriň köp bolmanna gynanma,
Şat günleriň bolanyna monça bol. — Gurbannazar Ezizow.