Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitaby dünýä dilleriniň ençemesine terjime edildi. Bu ajaýyp eserde beýan edilýän rowaýatlardyr tymsallar halkymyzyň milli mirasyny düýpli öwrenmekde, ony aýawly saklamakda, giňden wagyz etmekde hem-de geljekki nesillere ýetirmekde uly orun eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň ylmy taýdan esaslandyrylan garaýyşlaryny beýan edýän gymmatly gollanma öwrüljek eseri ylmy maglumatlara baýdygy, diliniň çeperligi bilen okyjylaryň ünsüni özüne çekýär.
Ýakynda bolsa, Maslahatlar köşgünde bu kitabyň özbek diline terjime edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Häzirki döwürde türkmen-özbek hyzmatdaşlygy giň gerimli ugurlary özünde jemläp, many taýdan has-da baýlaşdy. Bu neşir iki goňşy halky birleşdirýän, asyrlaryň dowamynda taryhy we medeni taýdan ýola goýlan özara hoşniýetli, netijeli döwletara gatnaşyklaryň özboluşly nyşanyna öwrüldi.
Özbek diline terjime edilip, çapdan çykan bu eser dostlukly ýurduň halky üçin türkmeniň baý taryhy, medeni mirasy, asyrlarboýy dowam edip gelýän asylly ýörelgeleri hem-de milli däpleri hakyndaky maglumatlary öz ene dilinde – özbek dilinde okamaga döredilen mümkinçilikdir. Mähriban Arkadagymyzyň dünýäniň dürli dillerine terjime edilen eserleri halkara okyjylar köpçüliginde örän uly gyzyklanma döredýär.
Täze neşiriň çapdan çykmagy ýyl-ýyldan berkeýän türkmen-özbek hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň taryhynda ähmiýetli waka boldy. Biz talyp ýaşlar üçin okamaga, öwrenmäge, döretmäge, gurmaga ähli zerur şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza bimöçber alkyş aýdýarys. Goý, hormatly Prezidentimiziň şeýle ajaýyp eserleriniň höwri köp bolsun!
Kakajan Kakajanow,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 1-nji ýyl talyby.