Mährem gelin-gyzlarymyz, siz durmuşymyzyñ bezegi…
Saýtymyzyñ şu sanynda size kyn bolmadyk birnäçe peýdaly maslahatlary bermegi makul bildik!
- Eger dyrnaklaryñyz, saçlaryñyz düşýän bolsa, her gün iki sany gaýnadylan ýumurtga iýmek maslahat berilýär. Iki den köp bolmaly däl.
- Kastor ýagy biziñ gaşlarymyzyñ, kirpiklerimiziñ gowy ösmegine ýardam berýär.
- Kelem örän peýdaly bolup, bedendäki ýaglary, şeýle-de artykmaç suwlary aýyrýar. Bedeni arassalaýar.
- 30-40 minut yatmazdan öñ 36 gradus suwa 1 çemçe krapiwa we çereda goşup, ellerimizi 10 minut saklamaly. Ellerimizi ýuwup, süpürip nemlendirýän krem çalmaly. Ellerimiziñ derisini rahatlandyrýar we näziklik berýär.
- Hepdede iki gezek yüzümize ýapgy etmek hökmandyr.
- Şähdiaçyk boluñ, gaharjañlyk size gelişmeýär.
- Rejeli uky. Gözelligiñ ýene bir syrlarynyň biri hem, wagtly-wagtynda ukyñy almakdyr.
- Hepdäniñ bir gününi özüñiz üçin sarp etmeli.( özüñe seretmek, gezelenç etmek)
- Günüñ dowamynda ýadawlygy aýyrmak üçin 15 minut gözümizi ýumup, ýekelikde dynç almak.
- Boş wagtlarymyz dürli krosswordlary çözmeli . Bu bolsa, pikirimizi jemlemäge ýardam berýär.
- Ỳaglyklarmyza ýa-da saçlarmyza gowy görýän atyrymyzy sepsek, daranymyzda has ýakymly bolýar.
- Ỳüzümize çalýan kremlerimiz we kosmetik serişdelerimiz derimiziñ häsiýetine, reñkine gabat gelmelidir.
Toplan: Merjen KADYROWA,
Lebap welaýat telewideniýesi.