Ỳurdumyzyñ ähli künjeginde Halkara “Türkmen alabaý itleri”assosiasasynyñ welaýat merkezleriniñ açylmagy, bu merkezleriñ türkmen alabaýlary boýunça tutumly işleri alyp barmaga mümkinçilik bermegi halkymyzyñ buýsanjyna öwrülýär. Şeýle merkezleriñ biri hem Halkara “Türkmen Alabaý itleri” assosiasasynyñ Lebap welaýat merkezidir. Bu döwrebap bina welaýatyñ Farap etrabynyñ çäginde ýerleşip, onuñ tutýan meýdany bir gektara barabardyr. Bu merkez türkmen alabaý itleriniñ genofonduny döretmäge, halkymyzyñ arasynda giñden ýaýran itşynaslyk yörelgesini,
şeýle hem alabaý itleriniñ tohumçylyk işlerini kämilleşdirmäge niýetlenendir.
Merkezde alabaý itleriñ 40 sanysyny, şeýle hem güjükleriniñ 30 sanysyny saklamaga mümkinçilik döredilendir. Merkeziñ çäginde alabaý itleri gezdirmek, türgünleşdirmek, suwa düşürmek, weterinar hyzmatlaryny talabalaýyk alyp barmak üçin zerur bolan ähli amatlyklar göz öñünde tutulandyr. Toplumyñ çäginde görkezme çärelerini geçirmek üçin ýörite meýdança we otuz orunlyk tomaşaçylar üçin münber ýerleşýär. Alabaý itleriniñ iýmitlerini taýýarlamak üçin ýörite iýmit taýýarlanylýan döwrebap ýerleriñ bolmagy hem merkeziñ aýratynlygydyr.
Alabaý itleriniñ welaýat merkeziniñ iki gatdan ybarat edara binasy sanly ulgam bilen işlenýän ähli amatlyklary bolan iş otaglaryndan, mejlisler zalyndan, wideogözegçilik otagyndan, işgärleriñ dynç almagy üçin ýörite otaglaryñ, naharhananyñ, hammamyñ we beýleki durmuş hajatlary üçin zerury bolan desgalaryñ bolmagy aýratyn bellärliklidir.
Toplumyñ elektrik energiýasy we suw bilen üpjünçiligi hem ýokary derejede ýola goýlandyr. Toplumyñ ygtyýarynda ýörite ulaglar şeýle hem awtoduralganyñ bolmagy işleriñ ýokary derejede bökdençsiz alnyp barylmagyna ýardam berer. Bu merkeziñ döredilmegi bilen, türkmen alabaý itlerini köpeltmek, tohum arassalygyny saklamak, seçgiçilik işlerini alyp barmak esasy maksat bolup durýar. Bu bolsa türkmen halkynyñ medeni mirasyna bolan sarpasyndan nyşandyr.
Merjen Kadyrowa,
Lebap welaýat telewideniýesi.