Türkmen zenanlarynyň milli lybaslarynda toý öwüşginleri bar. Olar, edil, ýaz güllerinden dokalan ýaly owadan, nepis hem näzik. Olar waspynyň şygra, dessana laýykdygyny öz lowurdusy, öwüşgini bilen dünýä ýaýyp ýör. Türkmen zenanlarynyň milli lybaslary diýlende ilkinji bolup, ýüpek jemally öýme göz öňüňde janlanýar. Ol birenaýy lowurdaýar. Ondaky nur Gün şöhlesinden gaýdýana çalym edip, gözleriňi gamaşdyrýar. Şol nur, şol şöhle onuň älemgoşar ýaly dürli reňkdedigine garamazdan,owadan şekiller bilen bile ýüregiňi ýagtyldyp gidýär. Şol ýagtylygy has-da artdyrýan zat bolsa, öýmeleriň göze gelüwli edilip daňylmagydyr. Biz hem ildeşlerimizden gelip gowşan islegleri nazara alyp, köp ýyllaryň dowamynda halka hyzmat edip gelýän «Gül-Zaman» gül we moda merkeziniň ýaş ussat işgäri Aýgül bilen söhbetdeş bolduk. Ol bize bu ýerde alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi:
– Aýgül söhbetdeşligimiziň başyny zenanlarymyzyň söýgüsini gazanyp halkymyzyň arasynda uly abraýa eýe bolan “Gül-Zaman” gül we moda merkeziňiz hakyndaky gürrüňlerden başlaýalyň?!
-Köp sagboluň. Hawa, 1999-njy ýylda esaslandyrylan «Gül-Zaman» gül we moda merkezimiz indi 22 ýyl bäri halka hyzmat edip gelýär. Bu ýerde «Beauty by Gul-Zaman» gözellik salonynyň bolmagy bolsa, bizi diýseň buýsandyrýar. Bu ýerde ukyply ýaşlaryň yhlasly zähmeti netijesinde müşderilerimiziň sany gün-günden artýar.
-Elbetde ynsan ömründe ikinji gezek gaýtalanmaýan bagt gününde durmuş ýoluna gadam basýan jübütleriň şatlygyna şatlyk goşmak olaryň lybaslaryny, keşbini nurlandyrmak örän täsin duýgy bolsa gerek?!
-Howa, aslynda bu ajaýyp döwrümizde her bir günümiz toý, her bir günümiz dabara. Bagt toýuny toýlan türkmen gyzy, elbet-de, toý gününden soň başy hemişe öýmeli, bu türkmeniň gadymdan gelýän däp-dessury. Biz hem gelinlerimiziň isleglerini göwnejaý şekilde kanagatlandyrmak maksady bilen, häzirkizaman ýaglyk daňlyş usullaryny öz müşderilerimize hödürleýäris we olaryň saýlan görnüşlerine görä olaryň isleglerini ýerine ýetirýäris.
-Gürrüňleriňiz bizde uly gyzyklanma döretdi. Mümkin bolsa ýaglyk daňynmagyň görnüşleri bilen bizem tanyşdyraýsaňyz?!
-Uly höwes bilen!
Aýgül bize häzirki wagtda müşderileriniň söýgüsini gazanan ýaglyk daňlyşynyň birnäçe görnüşleri barada gürrüň berdi. Eşiden deň bolmaz gören göz bilen diýlişi ýaly biz hem «Üç dogan» öýmeler dükanynyň gelinlerimiziň başyny bezeýän ajaýyp ýaglykdyr öýmelerinden onuň ýaglyk daňýan pursatlaryny surata alyp, size ýetirmegi makul bildik…
P.S Mähribanlar, ýaglyk daňlyşynyň görnüşlerini bölekleýin çap etmegi maksat edindik. Bu günki ýaglyk daňlyş usulymyz, täze gelinleriň başyny bezeýän ýaglyklardan ybarat bolar.
Taslamany alyp barmakda ýakyndan ýardam beren “Gül-Zaman” gül we moda merkezine, şeýle-de “3 dogan öýmeler” dükanyna minnetdarlygymyzy bildirýäris.
Lybasyň hemaýatkäri: “Gül-Zaman” gül we moda merkezi
Ýaglygyň hemaýatkäri: “3 dogan öýmeler” ýagny “Medine_Muhammet öýmeleri.
Söhbetdeşligi gurnan: Merjen ÝAZLYÝEWA.
Surata düşüren: Arslan MÜLLIKOW.
Söhbetdeşlik gowy ýazylypdyr 👍