Düýn paýtagtymyzda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň toplumynyň açylyş dabarasy boldy, şeýle hem teleköpri arkaly Ahal welaýatyndaky Karantin merkeziniň, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde gurlan merkezleriň — döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen gurlan türkmen alabaýynyň merkezleriniň açylyş dabaralary geçirildi.
Şeýle-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň täze binalar toplumynda ilkinji gezek köpöwüşginli baýramçylyk çäresi — “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry hem-de türkmen alabaýynyň hormatyna guralan döredijilik bäsleşiginiň jemlerini jemlemek dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bu bäsleşikler ahalteke bedewleri bilen bir hatarda, türkmen halkynyň milli mirasy hem-de buýsanjy bolan itleriň bu meşhur tohumyny mundan beýläk-de wagyz etmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça esaslandyryldy.