
Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri gün-günden gözelleşýär. Şu ýylyň 25-nji maýynda 140 ýyllygy belleniljek gözel Aşgabadymyzyň köçelerinde, seýilgählerinde gezim etseň, göwnüň açylýar, ýüregiň joşýar.
Türkmen kompozitorlary hem dürli ýyllarda, merjen şäherimizi wasp edip, onlarça ajaýyp aýdymlary döretdiler. Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Öwezowyň şahyr Gara Seýitliýewiň goşgusyna döreden “Aşgabat”, Türkmenistanyň halk artisti Nury Halmämmedowyň şahyr Geldi Bäşiýewiň goşgusyna döreden “Aşgabat”, Türkmenistanyň halk artisti Çary Nurymowyň şahyr Anna Kowusowyň sözlerine döreden “Aşgabat” aýdymlary halkymyzyň söýüp diňleýän aýdymlaryna öwrüldi. Olaryň arasynda Türkmenistanyň halk artisti, Döwlet baýraklarynyň eýesi Weli Muhadowyň, şahyr Atadurdy Gurbanowyň goşgusyna döreden “Aşyklaryň şäheri” atly aýdymy öz şirinligi bilen tapawutlanýar. 1981-nji ýylda Aşgabadyň 100 ýyllygyna bagyşlanyp döredilen bu aýdym, indi 40 ýyl bäri konsertlerde, teleradioýaýlymlarynda ýaňlanyp dur. Ruhubelent owazy bilen ýüreklerde orun alan bu aýdymyň ilkinji ýerine ýetirijisi Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewdir. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen meşhur türkmen kompozitorlarynyň saýlanan eserleriniň notalary kitap bolup çap edilýär. 2015-nji ýylda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen “Weli Muhadow. Saýlanan eserler” kitabynyň iň başynda “Aşyklaryň şäheri” atly aýdymy berlipdir. Wals depgininde 6/8 ölçegde ýazylan bu aýdym örän akgynly ýaňlanyp, kalplary joşdurýar, gözel paýtagtymyza bolan buýsanjymyzy artdyrýar.
Ýakynda bolsa, gazet sahypalarynda mähriban Arkadagymyzyň kalbyndan joşup çykan “Ak şäherim Aşgabat” goşgusyna Kerim Berdimuhamedowyň döreden ajaýyp aýdymynyň notasyny görüp, juda begendik.
Aziýaň dür merjeni,
Ak şäherim Aşgabat.
Dost-doganlyk merkezi,
Ak şäherim Aşgabat.
-diýip, joşgunly başlanýan bu ajaýyp aýdym, öz ruhubelent owazy bilen ýüreklerimizi joşdurýar.
Goý, mähriban Arkadagymyzyň kalbyndan joşup çykýan ajaýyp aýdymlarynyň höwri köp bolsun!
Ýelena ROMANOWSKAÝA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymy.