
«Halkara iňlis diliniň güni» ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasynyň beýleki resmi dilleriniň güni ýaly, 2010-njy ýylynda bellenildi. Birleşen Milletler Guramasy bu senenama boýunça resmi dilleriň her biri üçin alty gün belledi . Iňlis diliniň bellenilen senesi 23-nji aprel – beýik iňlis şahyry, ýazyjysy, dünýäniň iň meşhur dramaturgy William Şekspiriň doglan gününe bagyşlanyldy. Şahyryň eserleriniň arasynda «Romeo-Juilet», «Otello», «Hamlet, Daniýanyň şazadasy», «Korol Lir» we başga-da birnäçe eserler ýygyndysy bilen dünýäniň ähli okyjylaryna mälimdir. Iňlis diliniň giňden ulanylmagy bilen, Şekspiriň eserleriniň muşdaklarynyň köpüsi onuň kitaplaryny asyl nusgada okaýarlar.
Häzirki wagtda iňlis dili “dünýä dili” diýlip hasaplanýar – onlarça ýurtda bir milliarddan gowrak adamalar bu dilde gürleýärler. Bu diňe bir iňlisleriň däl, ABŞ-nyň, Irlandiýanyň, Kanadanyň, Malta, Awstraliýa, Täze Zelandiýanyň ýaşaýjylarynyň hem ene dilidir. Aziýanyň we Afrikanyň käbir ştatlarynda resmi dil hökmünde hem ulanylýar. Bu dilde gürleýänlere «Anglophones» diýilýär. «Standard English» diýip atlandyrylýan arassa London şiwesi – dürli sebitlerde wagtyň geçmegi bilen köp üýtgeşmeleri başdan geçirdi we iňlis dilini iňlisçe gürleýän Amerikaly ýa-da Awstlariýaly ýaşaýjylaryna köplenç düşünmek kyn bolýar.
Mundan başga-da iňlis dili, fransuz dili bilen birlikde, BMG-niň sekretariýatynyň işleýän dili we guramanyň alty resmi diliniň biridir. Häzirki wagtda iňlis dili gününde BMG-niň sekretariýaty dürli çäreleri, tegelek stollary, konferensiýalary, ýaryşlary, meşhur ylmy sergilerini we dil sapaklaryny geçirýärler, bu bolsa, hemmelere iňlis dili we medeniýeti bilen giňden tanyşmaga uly mümkinçilikler berýär.
Sähragül BERDINAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.