Göwün küýsegi

Bagt Köpetdagyň aňyrsyndamyka?

22-04-2021 / 20

Biziň köpümiz bagty uzak ýerlerden gözleýäris. Emma biz hakyky bagtyň nämedigini hem bilmeýäris.Çünki biz “bagt” sözi lenç bolan derejede aňymyzda köp aýlap biperwaý bolupdyrsmy, nämemi, ony köplenç duşumyzdan geçirýän bolmagymyz hem bagty uzak ýerlerden, gymmat bahaly zatlardan gözlegimizdir…

Biz bagty naýbaşy awtomobillerden, owadan jaýlardan we gymmat düşen üstünliklerden gözlemän, belki-de, iň bir kiçijik zatlardan gözlemelidirs. Bagt biziň gazanan ýa-da ýitiren zatlarymyzda däl-de, özi içimizdedir. Mysal üçin, bagt mähir bilen berlen salamdyr, bagt – bäbejigiň ysy ýa-da çagalaryň gülkisidir. Bagt – ýylgyryp öýe giren maşgalaňy: “ hoş geldiň, mähribanym!” diýip, mähir bilen garşylamakdyr. Bagt– bu durmuşa ruhubelentlik bilen garamakdyr. Bagt – hiç bir bähbitsiz we hasapsyz söýmekdir. Şu aýdylanlary ýene-de uzaltsaň bolar. Ýöne iň soňunda şeýle bir pikire gelýärsiň: bagt biziň üçin ýat, nätanyş bir duýgy däldir.

Belki-de, biziň ony sowuk-sala we parhsyz garaýan bir duýgymyzdyr. Biz ilki özümize bagly bolan başaryp biljek zatlarymyzy ýüze çykaralyň, soňra bolsa maksada ýetmek üçin göreşeliň. Biz “başa barmaýan zatlar” üçin urnup, özümize agram salmalyň. Eger biz beýle etsek, onda ol bizi bagtsyz eder. Sebäbi biziň betbagtçylyklarymyzyň köpüsi, öz gözbaşyny höwes-isleglerimizden, häsiýetlerimizden alyp gaýdýar. Durmuşda gödeksi bolup ýaşamagyň ýerine senetkär biri ýaly ýaşamak hem çözgütsiz hasaplan köp meselelerimizi çözüp biler.

Durmuşyň bir senetdigini ýatdan çykarmalyň. Süýji ukyda ýatan mahallarymyz dünýäde müňlerçe kişiniň ejir çekýän bolmagynyň mümkindigini ýatdan çykarmalyň! Şeýle bir gijäni geçirip, ertir sag-aman örendigimiz üçin şükür edeliň!

Üýgeşik zatlardan gözlärdim bagty,
Äpet hyýallary besläp göwünde.
Asyl bagtyň çyn keşbini tanaman,
Kän-kän gezek geçipdirin deňimden.

Ünsüňizi çekip biler

Bir Yorum

Leave a Reply

Başa dön tuşu