Ählimiziň bilşimiz ýaly, bu günki günde dünýä döwletleri bilen syýasy, ylym-bilim we söwda-ykdysady taýdan durnukly hyzmatdaşlygy barha işjeňleşdirýän ýurdumyzda ýaşlaryň daşary ýurt dillerini pugta özleşdirmeklerine hem uly ähmiýet berilýär. Ýaşlar bilen bir hatarda dürli ugurlarda zähmet çekýän ildeşlermiziň arasynda daşary ýurt dillerini öwrenmäge isleg bildirýänleriň sany gitdigiçe artýar.Tehnologiýanyň şeýle-de döwrebaplaşdyrylan sanly bilimiň ösmegi, öwrediş usullaryň kämilleşdirilmegi bilen indi dürli dilleri öwrenmek üçin has hem elýeterli , amatly şertler döredýär. Biz hem, öz gezegimizde dürli daşary ýurt dillerini öwrenýän ildeşlerimize olaryň dil öwreniş prosesinde gymmatly boljak maslahatlary hödürleýäris.
Öwrenmegiň tertibi: Daşary ýurt dilini öwrenmekde ony yzygiderli gaýtalamak örän uly ähmiýete eýedir. Käbirleri öwrenmäge girişilende, her gün agşam munuň üçin birnäçe sagat sarp edýärler we şol dile degişli uly gönükmeleri işläp başlaýarlar.Özüňe çendenaşa agram salmak bolsa, höwesiň peselmegine, özleşdiriş derejesiniň peselmegine getirýär. Şeýlelikde, dil öwrenmek üçin hepdäniň diňe belli günlerini, ýagny, täk günlerini ýa-da jübüt günlerini bellemek hem-de galan wagtlarda şol özleşdirilenleri gaýtalamak netijeliligi has artdyrýar.Bu beýniniň kabul edip bilijilik ukybynyň ýokary bolmagy üçin hem peydalydyr.
Kagyzdan peýdalanmak:Öwrenýän diliňiziň sözlerini gysga wagtda ýat tutmak isleseňiz, onuň iň amatly ýoly terjimesi bilen bile kagyz böleklerine ýazmak we şol ýazgylary öýüňizde in köp bolýan otagyňyzda goýmak. Ýagny söz ýazylan kagyzlary öýüň göze görnüp duran ýerlerinde, stoluň öňündäki diwarda, sowadyjyda, aýnanyň öňünde we beýleki ýerlerde ýelmäp çykmak amatlydyr. Şu ýollar arkaly siz öýde başga işler bilen meşgullanýan wagtyňyz hem dil öwrenmegi dowam edip bilersiňiz.
Filmlere tomaşa etmek, aýdym diňlemek: Öz öwrenmek isleýän diliňizde düşürilen filmlere terjimesiz ýagdaýda tomaşa etmek, şeýle-de öz derejäňizi kämilleşdirmek üçin giňden maslahat berilýän ugurlaryň biri hem, şol dildäki aýdymlary diňlemekdir. Sözleri eşitmek arkaly öwrenmek we ýatda saklamak bilen birlikde olaryň aýdylyş äheňlerini öz ene dilimiz ýaly özleşdirip bolar.
Öwrenýän diliňizde gürrüň etmegi we pikirlenmegi endik etmek: Dil öwrenmekde hemişe netijeliligini saklap bilýän usul hem. şol dilde gepleýän adamlar bilen söhbetdeş bolmakdyr. Unutmaň, şeýle adamlar bilen näçe köp gürleşseňiz, sonça-da kämilleşersiňiz. Dogry, birbada sözleri ýalňyş aýtmak, sözlemleri nädogry düzmek ýaly kemçilikleriňiz ýüze çykyp biler, emma şol kemçilik köprüsinden geçmeseňiz aňyrdaky kämillik kenary hem size aňsat, oňaýly görünmez. Gepleşmegi aňsat öwreneniňizden soň, özüňizi edil şol ýurtda syýahat edýän ýaly göz oňüne getiriň! Şeýle endikleri özüňize ýoldaş etmegi başarsaňyz siz öz täze öwrenen diliňize täze bir dünýä hökmünde gadam basyp bilersiňiz!
Gunça Nazarowa,
Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwresitetiniň žurnalistika hünäriniň 2-nji ýyl talyby.