Söýgi hakynda aýdylanlar
Söýgi herki ahlagyň özenidir. (Şelli)
Söýmek diýmek ýagşylyk etmekdir. (Tolstoý)
Söýgi lezzetli ezýetdir, sebäbi söýýän adam onuň jebri- jepasyna kaýyldyr. (Bon)
Söýginiň ähli zada emri ýetýär: ýeriň ýüzünde onuň jebrinden uly jeza-da, oňa gulluk etmegiň lezzetinden uly bagt hem ýokdur. (Şekspir)
Deňlik söýgüniň iň beýik esasydyr. (Lope De Wega)
Söýgi ahlaklylygyň gülleridir, adamyň sagdyn ahlak köki bolmasa, asylly süýgüsi bolup bilmez. (Suhomlinskiý)
Söýgüde öz-özüňi söýmek dostlukda öz şahsy bähbidiňe aramak ýalydyr. (Ž. Sand)
Söýmek – söýýän adamyň durmuşy bilen ýaşamakdyr. (Tolstoý)
Diňe hiç kimi ynjytman gözellige ymtylýan söygi adalatlydyr. (Demokrit)
Toplan: Gunça NAZAROWA.