HabarlarTrend we gözellik

Modeller öýleri bäsleşýär

21-04-2021 / 12

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi modeller öýleriniň arasynda bäsleşik yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli 2021-nji ýylyň 28-nji aprelinde modeller öýleriniň arasynda «Bagtyýar zamananyň döwrebap lybaslary» atly bäsleşigi yglan edýär.

Bäsleşik esasy 3 ugur (nominasiýa) boýunça geçirilýär:

«Baýramçylyk lybaslarynyň kolleksiýasy» (ulular we çagalar üçin);

«Sport egin-eşikleriniň kolleksiýasy» (ulular we çagalar üçin);

«Gündelik geýilýän egin-eşikleriň kolleksiýasy» (ulular we çagalar üçin);

Ýeňijiler Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň şahadatnamasy we sowgatlary bilen sylaglanarlar.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänleriň arzalary 2021-nji ýylyň 26-njy apreline çenli kabul edilýär.

Salgysy: 744000, Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň 96-njy jaýy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu