HabarlarTrend we gözellik

Doglan günler: Victoria’s Secret we Miranda

20-04-2021 / 8

Mähriban okyjylar! Size 20-nji aprelde dünýä inen meşhur zenanlar baradaky maglumatlary hödürleýäris.

Miranda Kerr (37 ýaşynda) – awstralian modeli we telekeçi. Ol 2007-nji ýylda Victoria’s Secretiň Angelsi hökmünde meşhurlyk gazanýar. Kerr Victoria’s Secretiň ökde modeli bolmagy başaran ilkinji awstraliýaly zenandyr.

Carmen Electra (48 ýaşaýar) – amerikan aktrisasy, model, aýdymçy we telegepleşikleri alypbaryjy. Ol zähmet ýoluna aýdymçy hökmünde başlaýar.

Jessica Lange (71 ýaşaýar) – amerikan aktrisasy. Ol “Aktýorluk sungatynyň täjini” almagy başaran 13-nji aktrisadyr. Ol köpsanly baýraklaryň, şol sanda, iki sany Oskar, üç sany “Primetime Emmy” baýraklarynyň , “Tony”, “Kinoaktýorlaryň Gildiýasynyň” we bäş sany “Altyn globus” premiýalarynyň eýesidir.

Babita Shivdasani (73 ýaşaýar) – Babita Kapoor ýa-da diňe Babita ady bilen has meşhur bolan ozalky hindi aktrisasy.

Gigi Gorgeous (28 ýaşaýar) – kanadaly You Tube-çy, aktrisa we model. Ol 2008-nji ýylda You Tube-da kanal açýar we şonuň üsti bilen-de meşhurlyk gazanýar.

Sabrina Pai (36 ýaşaýar) – taýwan aktrisasy. Ol birnäçe meşhur filmlerde, şol sanda, “Menculik Miyabi”, “In the Shadow”, “Constellation Women Series: Aries Woman” kinolarynda surata düşdi.

 

Mähriban HUDAÝGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu