Dünýä gaty geň ýaradylan ondaky bolup geçýän wakalar gaty başagaý. Hemişeki endigim boýunça dik duran ýerimde ertirligimi iýip durdym. Ejem mydama bolşy ýaly şol gezegem özelendi:
-Otursana oglum, biraz oturyp iý!
-Ýok eje. boldum men gideýin – diýip, gitmäge hyýallandym. Ejem bolsa:
-Howlukma oglum – diýdi-de adatdakylardan has üýtgeşik nazar bilen meni synlady. Soňam:
-Gürrüňim bar – diýdi.
Men howukmaçlygymy bildirmek üçin goşarymdaky sagadyma seretdim. Soňam:
-Ýolda maşynyma benzin guýdurmaly, soň işe barmaly, ondan soň çaphanada geçmeli. Näme boldy?
Ejem entägem ýüzüme naýynjar nazar bilen seredip durdy. Birdenem:
-Surata düşeli – diýdi.
Men ejemiň duýdansyz diýen sözüne geňirgendim:
-Näme üçin?
-Ýakynda men bu dünýede bolmaryn!
Ejem bu sözleri edil ,,Goňşylara gidip geleýin” diýen ýaly äheňde aýtdy welin, bir hili gülkim tutdy. Men pyňkyranymam duýman galdym.
-Beý diýmesene eje – diýip, öz başagaýlygym bilen gapa ýöneldim. Ony diňlejegem bolmadym.
Aradan iki hepde geçdi…… Gijeler öz janyma aram tapman oýanýan, pikirlenýän, uzak pikirlenýän, soňam hyýalymda “sen namart, sen akmak, näme üçin şonda ejeňi diňlemän güldiň? Surata düşmäne wagtyň ýokdymy? Gerek bolsa tapardyňa! Kitap üçin, žurnal üçin, iş üstünde, bagda, köçede… sen näme kinoýyldyzymydyň? Dünýä meşhur şahsyýetmidiň? Han-ha bir desse suratyň ýatyr, her hili, her ýerde….. Ýöne, diňeje ejeň bilen düşen suratyň ýok!”……
Özbek ýazyjysy: Otkir Hoşimow
,,Dünýäniň işleri” kitabyndan bölek.
Özbek dilinden terjime eden: Gunça ORAZOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy
hünäriniň talyby.