Hat
(Hekaýa)
Watan öňündäki borjyny bir kemsiz ýerine ýetirmek üçin gulluga ugran ýigidiň kalbyndaky arzuwlary, geljek hakdaky süýji hyýallary bilen ýar wepasyna umyt baglap esgerlik dünýäsine aralaşan ýigidiň gözleri bagtdan ýaňa lowurdap dünýä nur çaýýardy. Ýöne näme durmuşda mydama biz arzuwlan zatlarymyzyň ählisem hasyl bolup duranok. Sebäbi ol ýarynyň yzyndan gelen ýekeje hatyň dünýäsini astyn üstün etjegini ýatsa tursa düýşinde-de görüp biljek däldi. Ýaryndan gelen ilkinji we soňky haty okamak oňa gaty agyr degdi.
Garaşmagy wada berip, soňam esger ýaryna garaşman, dostyna durmuşa çykan söwer ýarynyň biwepalygyny kalbyna sygdyryp bilmedik esgeriň bar umtlary göz açyp ýumasy salymyň içinde ondan daşlaşdy. Durmuşdan göwni galan ýaşamakdan halys umydyny üzen esgeri oňa garaşylmadyk ýerden nätanyş bir gyzdan, tötänlik bilen gelen hat durmuşa bolan söýgisiniň täzeden oýanmagyna sebäp boldy. Nätanyş gyzdan gelen haty okajagynam okamajagynam bilmän bizar ýaýdandy-da, parhsyzlyk bilen haty okamana otyrdy. Soňky döwür göwni halys syrdaşa zar bolup ýekesireýän ýigit üçin bu hat elýetmez hazyna öwrüldi. Şonuň üçin hem ol hata yhlas bilen jogap ýazdy.
Şeýlelik bilen olar bir-birlerini tanamasalarda, öz aralarynda yzygider hat alyşardylar. Ykbalyň tötänliklerini diýsene ol kimsäni bizden daşlaşdyrýa-da kimlerem bize ýakynlaşdyrýa otyryberýär. Aradan bir ýyl geçendigine garamazdan hatlaryň yzy üzülmedi, gaýtama olar hatlar arkaly bir-birlerine has hem ýakynlaşdylar. Esger nätanyş gyzdan gelýän hatlary diýseň gadyrlardy, geçip barýan günleri hata garaşmak arkaly niçik duşundan ötüp barýanlygynam aňşarmady. Indi ol durmuşyny şol nätanyş gyzsyz göz öňüne-de getirip bilmejegine-de aňry ýany bilen göz ýetirdi. Söýgi atly jadyly dünýäniň gapysyndan ätlän nätanyşlaryň hyýaly dünýäsi hakyky dünýäsi bilen utgaşyp, olary bagt asmanynda ganat baglap uçurdy.
Kalbyndaky söýgi uçgunlary bilen dünýä nur paýlaýan esgeriň esgerlik durmuşam hä diýmän geçip gitdi. Olar iň soňky hatlarynda merkezi wokzalda duşuşmagy wadalaşdylar. Gyz hatynda sagat bäş töweregi bolanda, bir-birlerini tanamaklary üçin, ak eşikde, elinede ak gül alyp garşylajakdygyny ýazdy. Esger Watan öňündäki gulluk borjyny kemsiz ýerine ýetirip, öýüne tarap ýola düşdi. Ikindin töwrekleri wokzaldan ugran poýuzyň sesi indi uzaklardan eşdilýärdi. Deň-duşlarynyň şowhunyndan özüni çete alyp ýigit ýol boýy gyz barda ilkinji gezek çynlakaý oýa batdy. Sebäbi şu mahala çenli ol hatda gyzyň suratyny hem görmändi, hatda görmek barada pikir hem etmändi.
Hyýalyndaky meleginiň näçe ýaşdadygyny, onuň daşky keşbiniň nähilidigini, owadanlygyny ýa görmeksizliginem bilenokdy. Ýöne bu zatlaryň hiç birisem indi esgeri aljyradanokdy, oňa bolan söýgisinden ýaňa indi ol geljekki durmuşyny nätanyş gyz bolmasa göz öňüne getirmegem islänokdy. Ol uzakly gije hyýalynda gyz bilen ýaşajak bagtly günleri barada süýji arzuw etdi. Durmuşynda bolup geçen bagtly pursatlary baradaky ýatlamalaryny ýatlady. Şeýlelik bilen gije öz ornuny ýagty ertire berdi. Merkezi wokzala golaýlaşan otly menziline gelip durdy. Her kimiň yzyndan gelen hossarlary esgerleri güler ýüz bilen garşy aldylar. Ýigit esger dostlary bilen hoşlaşyp gyza garaşdy. Wadalaşylan wagtda gyz wada berişi ýaly gijä galman geldi. Ýigide tarap ädimme ädim golaýlaşyp gelýän, elleri bir gujak ak gülli zenan takmynan altmyş ýaş töwereklerindedi. Beýle zatlara garaşmadyk ýigit zenany görüp arkasyna öwrülenini özem duýman galdy. Şol pursadyň özünde-de ýigit gitmek barada pikirlendi. Ýöne gitmedi, ol gidibem biljek däldi. Sebäbi ol geçen iki ýylyň içinde özüne iň ýakyn ynsan hökmünde gören gadyrdanyny taşlap gidip bilmezdi. Bu zenan oňa umytsyz günleri oňa medet berip, durmuşa bolan söýgüsiniň ýene dolanmagyna sebäp boldy ahryn. Ondan uzaklaşan şatlygyny gaýtaryp berdi. Baýramçylyklarda oňa sowgatlar ugratdy. Duşuşmak umydy bilen durmuşa höweslendirdi. Beýle zenan beýik gadyra mynasyp. Ýigit onuň garşysynda peýda boldy we enesini görýän ýaly hormat bilen dyza çöküp elinden öpüp görüşdi. Garry zenan çalaja ýylgyrdy we arkasynda bukulyp duran gyzy yşarat etdi!:
-Sen ýalňyşdyň ýagşy ýigit, men seniň garaşýanyň däl, ine seniň hakyky muhabbetiň! – diýdi.
Ýigit nämäň nämedigine düşünmän geňirgendi. Özüne näz bilen seredip duran gyza bakyp, bir zatlar diýmek isledi, ýöne nämeden başlajagyny bilmän dymdy. Soňam gyza seredip eginlerini gysdy-da zenana tarap soragly nazaryny dikdi. Garry zenan oňa mylaýym ýylgyrmak bilen düşündirdi:
-Oglum geňirgenme agtygym öz ýerine duşuşyga çykmagymy haýyş etdi.
Eger sen meni görüp giden bolanyňda onda ähli zatlar başlanmanka gutarardy. Sen öz bagtyň boljak gyzyň syrly synagyndan geçdiň. Gyz ýylgyrmak bilen ýigidiň göreçlerine göreçlerini dikdi-de synagdan geçen esgeriň söýgisiniň hakykydygyna, hem-de ony hiç haçan terk etmejekdigine ynanan gyz oňa elindäki gülüni uzatdy. Olar uzak we bagtly durmuşda ýaşadylar.
Terjime eden: Gunça ORAZOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport insitutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.