Oňa «Ýorganyňa görä aýak uzatgyn» diýdiler. Ol ýorganyny gözläp tapyp bilmedi.
***
Tüpeňiň nili gönükdirilende, ok göçmänkä ol ýere ýazyldy.
***
Ýazyjy indi ýazjak eserlerine ýene-de okyjylaryň «ýüz ýyldan» soň düşünip biljekdiklerine ynanýardy. Onuň eserleri ýene-de ýüz ýyl ýaşap bilse bolany, hawa, bary-ýogy ýüz ýyl…
***
Durmuşyny, gör, näçinji gezek täzeden başlady. Emma durmuşa bolan pikir-garaýyşlaryny, düşünjelerini welin täzelemedi…
***
Ýüz görülýän aýnanyň öňünde durka, kimdir biriniň özüne ýakymsyz, gaharly seredip durandygyny gördi…
***
Näçe ösdügiçe adamyň aňy, durmuşymyz şonça çylşyrymlaşar.
***
Oglan «söýgi» sözlerini aýtmak üçin gyzyň gözlerine bakanda, ol gözlerde başga bir ýigidiň keşbini gördi…
***
Oňa «sen çaga ýaly» diýdiler. Ol muňa hasam ynandy, ulalyp oňalmadyk!
***
Ony şahyr diýip öwdüler, kitabyny çykardylar… Ol entek hiç zadam ýazmandy…
***
Dünýä inende, onuň hiç hili ene-atasy ýok eken…
***
Münmek üçin, ulaga tarap ýönelende, geň galdy, ulagyň gapysy ýokdy. «Gapysyz hem ulag bolarmy?» diýip pikirlenip durka, birdenkä çöwrülgi duran kisesine gözi düşdi…
***
Ýassygyny goltuklap, o jaýa geçdi, soň beýleki otaglara aýlandy, ol ýerlerden hem tapmady. «Beh, uky nirä ýitirim bolduka?!».
***
Ol şunça ýazsa-da, köp eser döretse-de, täze çap edilen kitabynyň sahypalary boş çykdy…
***
Oňa ADAM bolmagy beýik adamlar öwretmändi…
***
Öýüne girjek bolanynda, açary öýüň gapysyny açmady… Asyl, gapysyny däl, onuň öýüni «ogurlan» ekenler..
***
Sürüji ulagyny bejertmek üçin ulagyny satmaly diýen karara geldi…
***
Seýilgähe ýarym sagat gijä galyp gelen oglan gyzyň başga bir ýigit bilen gürleşip durandygyny gördi. Oglan hernä wagtynda gelip ýetişdi, ýogsam gyz tas ol oglana yryljak ekeni. Hawa, wagtynda ýetişäydi…
***
Ol ýok zatlaryň pikirini edip, pikirlerini ýoga çykardy…
***
Oňa «aýagyňy ters basýaň» diýip igendiler. Ol munuň üçin köwşüni çalyşmagy ýüregine düwdi…
Goçmyrat ORAZBERDIÝEW.