HabarlarPsihologiýa

Wagtymyzy manyly geçireliň!

19-04-2021 / 14

Eger özümiz bir ýerde durup, durmuşymyzyň has gowulaşmagyny isleýän bolsak, durmuşy gözelleşdirmek üçin durmuşda nämedir bir zatlar gazanmak, eliňde baryndan eçilmek, ukybyňda baryny paýlaşmak, bagyş etmek ýaly ömre many çaýýan zatlary ýola goýmalydyrs. Onuň üçin bolsa, ýaşaýşy, durmuşy söýmek gerek. Daşymyzy gurşap alýan dünýä söýgi, hyjuw bilen bakmagymyz gerek. Durmuşa çynlakaý çemeleşmeli, ony öňküsinden-de has gowulaşdyrmaga, has gowy zatlary ýola goýmaga çalyşmaly. Özgelere agyr ýük bolmazdan, başga adamlaryň göwnüne degmezden, olary kemsitmezden, hut öz başarnygymyz, öz yhlasymyz we halal zähmetimiz bilen berjaý etmegi başarmaly.

Diňe öz bähbidimize hem ylgamaly däl. Gazanýan her bir üstünligimiz, ýerine ýetirýän işimiz, edýän hereketimiz bütin ömrümize many-mazmun bermeli. Döwürden üzňe bolup, ýaşaýşa sussupes nazar bilen bakmak ruhubelent ynsana gelişýän zat däl. Başarsak kitap okap, dünýägaraýşymyzy giňeldeliň, pikirlerimizi baýlaşdyralyň. Ukyp-başarnygyň bar bolsa, ony peýdaly bir zatda ulanmagy başar, Bu özüňi açmagyň ygtybarly hem-de netijeli ýoludyr.

Durmuş ýolunda üstünliklere sary ynamly ädimler bilen ugrugyp, ýokary galmaga ymtylalyň, maksadymyzdan dänmäliň. Üstünlikler, şowlulyklar bilen taplanan durmuş ýollarymyzda maksatly hereket edeliň. Dogry ýoly sypdyrman alyp gitmek, yzygiderli we önjeýli zähmet çekmek ugrunda yhlas edeliň. Halal ýaşaýşymyz bilen durmuşy gözelleşdireliň. Iň bolmanda öz pikirlerimiz, arzuwlarymyz bilen goşant goşalyň. Öňümizde maksat goýanymyzda, şol maksadyň ugrunda yhlas etmegi ýüregimize düwenimizde bir zady unutmalyň: Bihuda zada sarp edýän wagtymyzyň hem-de energiýamyzyň ýarysyny gowy we peýdaly zada gönükdirip bilsek, biz has uly utuş gazanyp bileris!

Jahan SÖÝÜNOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň öwreniji mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu