Biznes motiwasiýa:öz biznesiňi gurmasaň, ömrüň ötinçä budilnik gurmaly bolarsyň.
*****
You Tube-da hezil edip reklama görjek bolýan welin, arasyna kino giräýýär-dä…
*****
Kiçi zatlara begenip ýaşamagy öwrenmeli. Meselem: aýlyk.
*****
Uborka etmegiň yzgiderligi:
Tekjeleri süpürmek.
Köne suratlary tapmak we 3 sagatlap görmek.
Ýadap, goýbolsun etmek.
*****
Öýe täze gap-gaçlary almaly. Ýa-da öňkileri ýuwmaly.
*****
Gyzlar bilen üýşenimizde “Buýruk ýa-da hakykat” oýnadyk. Gyzykly bolsun diýip “buýruk” saýladym. Öýüňe git diýdiler. Gaty agyr degdi…
*****
Şu durmuşyň maňa beren yekeje plýus zady bar, olam gan toparym.
*****
Ejem sapaklaryma taýýarlanyp oturanymy görende, gözlerine yaş aýlandy. Taşladym indi okamok, ejemi her gezek aglatmana dözemok.
*****
Bir tanyşym internetden “Nädip adamy aldawa salmaly” atly kitap sargapdyr. 6 aý geçdi entägem kitapdan habar yok.
*****
“Nirä barýaň” diýen soraga “Häzir gelýän” diýip jogap berýän bolsaň, onda sen bizdensiň.
*****
Çagalygymyzdaky iň uly ýalan: gel çagam hiç zat etjek däl.
*****
Jerry-niň örän içýakgynçlygyny bilip, Tom üçin gynanýan bolsaňyz, onda Siziň ulalanlygyňyzdyr.
Merjen YAZLYÝEWA,
Ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.
Gaty gülküli hem-de üýtgeşik degişmeler ekeni, sag boluň güldüreniňiz üçin!!!
Well done Merjen!!! Gaty gowy iş!!
👍👍👍👍
Berekella! Gaty gyzykly we gülküli degişmeler! Degişmeleriň yzy üzülmesin!!!
Ajaýyp