Arkadagly Watanymyzda alnyp barylýan ösüş-özgerişli işleri ýeke-ýeke sanamak mümkin däl, ýöne şol beýik başlangyçlaryň barynyň sazlaşyk tapýan ýeri gözel paýtagtymyz Aşgabat barada aýtmak her bir adama ýakymly. Dünýä kartasynda gülälekli meýdany ýada salýan gözel ýurdumyzyň baş şäheri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe düýpli ösüşleriň mekanyna öwrüldi. Ak şäherimiz Aşgabadyň ady deňsiz-taýsyz ajaýyplyklary bilen Ginnesiň Dünýä rekordlary kitabynda on bir gezek orun aldy. Gözel paýtagtymyzyň halkara derejedäki syýasy we işewürlik merkezi hökmündäki işjeňligi hem gün-günden ösýär. «Şäherler hem, edil adamlar ýaly, ykbally bolýar» diýlişi ýaly, merjen şäher Aşgabat hem ýyldyzy gowşan şäherleriň biri. Paýtagtymyz Garaşsyzlyk döwründe diňe bir türkmenistanlylary däl, eýsem goňşy we doganlyk döwletleriň halklaryny Ýer ýüzünde parahatçylygy pugtalandyryjy ynsanperwer mähri bilen çoýýar.
Taryhy maglumatlara nazar salanymyzda, paýtagt şäherimiz Aşgabat ilkibaşda kiçeňräk gala berkitmeli binagärligi bolan oba bolupdyr. Geçen 140 ýylyň dowamynda birwagtky Aşgabat obasynyň ornunda ajaýyp, döwrebap häzirki zaman Aşgabat şäheri kemala geldi. Bu günki gün «Arkadagyň ak şäheri-Aşgabat» diýip, söýýän we wasp edýän paýtagtymyzy görmäge göz, taryp etmäge söz gerek! Ak mermere beslenen köpgatly köşgi-binaly, bagly-seýilgähli paýtagtymyz-ajaýyp gözellegiň merkezi.
Biziň-agzybir türkmen halkymyzyň oňa bolan söýgüsi dünýä baýlyklaryndan zyýada. Şonuň üçin ak şäherimiz Aşgabat halkyň dilinde, milli medeniýetimizdir-edebiýatymyzda orun alýan waspy tutuş dünýä ýaň salýar, şanyna döredilýän eserler aýdym bolup kalplara dolýar.
Milli Liderimiziň yhlasyndan, döredijilikli zehininden, binagärçilik ukybyndan özboluşly täze görke eýe bolan paýtagt şäherimiziň adynyň köp gezek Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun almagy guwandyrjydyr. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň baş şäherini köpugurly şähergurluşyk syýasatyynyň üstünliklerine eýe etmek üçin yzygiderli aladalanýar. Şonuň netijesinde çalt depginlerde ösýän Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly ýerleriň biri hökmünde ykrar edilýär.
Häzirki günlerde Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna we gözel paýtagtymyz Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllygyna taýýarlyk görýän ak şäherimiz ussat zergäriň elinden çykan göwher gaşly ägirt gülýaka çalym edýär. Ak mermere beslenen binalary, ýakasy al-elwan güller bilen jäheklenen döwrebap şaýollary, görkli baglary we läle-reýhana bürenip oturan ajaýyp seýilgähleri göreniňde kalbyň diňe bir Aşgabada däl, ak şäherimizi mizemez gözelligiň nusgasyna öwren Gahryman Prezidentimize bolan buýsanyçdan pürepürlenýär. Goý, berkarar Diýarymyzy ösüşleriň, özgerişleriň mekanyna öwürýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Dilnoza MUHADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.