Şu gün hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi geçirildi. Her ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän bu maslahata ýurdumyzyň hökümet agzalary, atşynaslar, ýerli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Mejlisiň barşynda ýurdumyzda atçylyk pudagynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramyna görülýän taýýarlyklar hem-de bu goşa baýramçylygy ýokary derejede guramaga degişli çäreleriň meýilnamalary barada hasabatlar berildi.
Şeýle hem mejlisiň barşynda Mejlisiň Başlygyna söz berildi. Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kabul eden kararyny okady.
Bu karara laýyklykda, hormatly Prezidentimize “Türkmenistanyň ussat halypa seýisi” diýen hormatly at dakyldy. Dabara gatnaşyjylar milli Liderimizi bu hormatly adyň dakylmagy bilen gutladylar.
Milli Liderimiz türkmen halkynyň milli buýsanjy hem-de gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäni haýrana goýýan bedewlerimiziň arassa ganynyň saklanyp galynmagy hem-de gamyşgulak bedewlerimiziň baş sanynyň köpeldilmegi ugrunda has köp tagalla etjekdigini belläp geçdi.
Çeşme: atavatan-turkmenistan.com