Göwün küýsegi

Sadalyk

16-04-2021 / 49

Meniň sadalagym şundan ybarat:
Her bir diýlen zada ynanyp ýörün…

Ýüzüme sylýaryn doganynda Aý,
Uzyn dilimde däl, kalbymda Hudaý.
Büdrämde golumdan tutsa bir gedaý,
Monça bolup, şoňa söýenip ýörün.

Gaýtargy tamam ýok öwenim üçin,
Deňdiriň ýa:t üçin, doganym üçin.
Bir bendäň göwnüne degenim üçin.
Soňra ýyllarboýy uýalyp ýörün.

Baý däldigim üçin çekemok arman,
Eý, eziz Alla jan, adyňa gurban!
Ýene, ýene diýip hars urup ýörmän,
Berlenje döwlete guwanyp ýörün.

Başyna goýbermän arzuw-hyýaly,
Belent derejede pes tutup päli.
Geçen asyrlaryň adamy ýaly,
Ynsaba, rysgala daýanyp ýörün.

Şeýle ýörelgämden sowlan pilläm ýok,
Kim kelläň bar diýýär, kimem kelläň ýok.
Sagadyň dili dek ziňkildemäm ýok,
Wagtyndajyk ýatyp, oýanyp ýörün.

Menem adam, perişde däl, elbetde,
Mümkin… günädenem duramok çetde.
Türkmenistan atly täsin döwletde
Şükür hormatlanyp, aýalyp ýörün.

Berdinazar Hudaýnazarow.

Ünsüňizi çekip biler

Bir Yorum

Leave a Reply

Başa dön tuşu