Säher bilen sag-aman ören bolsaň, garaňky agşamyň aladasyna baş agyrtman şu günüňi bilip ýaşa. Geçip giden düýn barada hem, heniz gelmedik ertir hakda hem agyr oýlara batma. Bu gün seniň üçin dogdy, bu gündiz seniň üçin ýagtyldy. Sen şu gün bilen dogulmaly, şu gün bilenem ýaşamaly, şonda seniň durmuşyň geçmişiň gamyna büdremez. Diňe şu günüň üçin yhlas et! Sebäbi bu gün seniň üçin! Bu seniň günüň! Ähli hyýalyňy, ünsüňi, oýlap tapyjylygyňy, pikirleriňi, aň zähmetiňi we yhlasyňy şu günüňe gönükdir. Işleriňde sazlaşygy sakla, ýagşy gylykly bol, geýim-gejimiňe üns ber, bedeniň sagdynlygyny sakla, köpe bähbitli işiň başyny tut.
Sen bu günüň sagatlaryny bölüşdir. Onuň minutlaryndan ýyllary, sekuntlaryndan aýlary ýasap, her pursady netijeli ulanmaga çalyş: “Men şu gün özgelere peýda bermek, ýagşylyk etmek üçin ýaşaýyn. Azaşanlara ýol görkezeýin. Gaýgyly adamlary gaýgysyndan açaýyn. Agyr güne uçranlara teselli bereýin. Ululary hormatlaýyn, kiçileri söýeýin.”
Diňe şu günüň üçin yhlas et, çünki bütin geljek her günki “şu günlerden” ybaratdyr!
Oguljeren Hudaýnazarowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
ajaýyp