
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň saýty “Google” bilen bäsleşýär. Ýöne häzirlikçe “Google” öňde barýar. Muny bir degişme äheňinde hem kabul edip bilersiňiz. Sebäbi “Google” ýaly dünýä belli kompaniýa bilen bäsleşmek aňsat däl. Ýöne biziň döredijilik toparymyz üçin bu sanawdaky saýtymyzyň derejesi bizi has-da belent sepgitlere ýetmek üçin ruhlandyrýar diýip, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň baş redaktory Dr. Döwran Orazgylyjow belleýär.
#1
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty Türkmenistanda bolup geçýän wakalary gyzgyny bilen okyjylar köpçüligine ýetirmek boýunça netijeli işleri alyp barýar. Saýta bolan gyzyklanma her geçen gün artýar.
Saýt Türkmenistan baradaky habarlary ýaýradýan saýtlaryň arasynda birinji we Türkmenistandan girilen saýtlaryň arasynda ikinji orna ýerleşdi. Bu ugurda birinji orunda “Google” saýty durýar.
#2
Global reýtingde Ilkinji 5000-lik
Häzirki wagtda dünýäde jemi 400 milliona barabar web saýt hereket edýär we Siz bu habary okap gutarýançaňyz bu sanawa 1000 saýt goşulýar. Ine “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň resmi saýty hem şeýle millionlarça saýtyň arasynda global reýtingde ilkinji 5000 saýtyň arasyna girýär!