Täze dolandyryş-işewürlik merkezi kemala gelýän Aşgabadyň günorta böleginde bina edilen nobatdaky möhüm desganyň ulanylmaga tabşyrylmagy milli senenamamyzyň şanly senesine — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.
Mälim bolşy ýaly, toplumyň 2018-nji ýylyň martynda başlanan gurluşygy döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda amala aşyryldy. Bu möhüm desganyň buýrujysy Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligi, potratçysy bolsa “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasy boldy. Bu kompaniýanyň amala aşyran taslamalarynyň hatarynda belent ymaratlaryň örän köp sanlysy bolup, şolar paýtagtymyzyň özboluşly ýüzüne öwrüldi. Gurluşyk üçin 6,39 gektar meýdan ýer bölegi bölünip berildi. Beýikligi 31,36 metre we uzynlygy 112 metre deň bolan binanyň daşky bezegleri häzirki zamanyň gözellik derejesine bildirilýän talaplara laýyklykda, ýokary hilli serişdelerden ýerine ýetirildi. Binanyň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyryldy we gök bossanlyklar döredildi. Şeýle hem bu ýerde üsti ýapyk we açyk awtoduralgalar gurnaldy, dikuçar meýdançasy göz öňünde tutuldy.
Türkmenistanyň Prezidenti mejlisi açyp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalaryna hem-de Mejlisiniň deputatlaryna ýüzlendi. Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň geçen ýylyň sentýabr aýynda geçirilen mejlisiniň taryhy ähmiýetini belledi, şonda Garaşsyz we hemişelik Bitarap döwletimiziň Esasy Kanunyna Türkmenistanyň Konstitusion topary tarapyndan taýýarlanan üýtgetmeler we goşmaçalar makullandy.
Şol Konstitusion kanunyň taslamasy halkymyz tarapyndan biragyzdan makullandy hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatynda kabul edildi. Öňe sürlen başlangyçlaryň esasy maksady döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy edarasynyň işini kämilleşdirmekden hem-de täze taryhy şertlerde kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan täze ulgamy döretmekden ybaratdyr.
Konstitusiýamyza girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda» Kanun kabul edildi. Şu Kanuna laýyklykda, ýurdumyzda iki palataly parlament döredilýär. Onuň döredilmegi döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, hukuk we dünýewi esaslaryny berkitmäge, häzirki zaman şertlerini üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu bolsa häkimiýetiň we halkyň ylalaşykly, ysnyşykly işlemegine, her bir adamyň we ýurdumyzyň sebitleriniň bähbitlerine doly derejede hyzmat eder diýip, milli Liderimiz belledi.
Saýlaw kodeksine hem üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilendigi nygtaldy. Şonuň esasynda şu ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Bu saýlawlar ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýetli waka boldy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenýän ýylynda bolup geçen bu saýlawlar demokratik kadalar, giň bäsdeşlik, aýanlyk we açyklyk esasynda, jemgyýetçilik-syýasy işjeňlik ýagdaýynda geçirildi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna jemi 48 agza saýlanyldy, şeýle hem Aşgabat şäherinden 8 agza, ýurdumyzyň welaýatlarynyň her birinden 8 agza saýlanyldy. Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlananlaryň 27 göteriminiň zenanlar bolmagy aýal-gyzlaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer durmuşyna işjeň gatnaşýandygynyň, döwletimiziň zenanlaryň hukuklaryny giňeltmek boýunça uly işleri geçirýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlananlaryň hemmesi ýokary bilimlidir.
Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 78-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Halk Maslahatynyň sekiz agzasyny bellemek barada çözgüdini beýan etdi.
Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna K.Babaýewi, G.Agaýewi, B.Orazmämmedowy, D.Gulmanowany, M.Taganowy, S.Gaýypowy, M.Halnazarowy, Ç.Babanyýazowy bellemek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany okaldy.
Şeýlelikde, geçirilen saýlawlaryň netijesinde, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna ýurdumyz boýunça jemi 48 agza saýlandy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen sekiz agza bellendi. Şol işleriň ýurdumyzyň saýlaw kanunçylygyna doly laýyklykda geçirilendigi nygtaldy.
Soňra Mandat toparynyň başlygy M.Geldiýew hasabat bilen çykyş etdi. Mandat topary Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň beren resminamalarynyň esasynda Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň agzalarynyň ygtyýarlyklaryny gözden geçirdi. Hususan-da, ses bermegiň ýokary guramaçylyk derejesinde hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Saýlaw kodeksiniň düzgünlerine, şeýle hem halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda geçirilendigi kesgitlenildi.
Soňra Halk Maslahatynyň agzalarynyň ses bermeginiň netijeleri boýunça Halk Maslahatynyň agzalarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda Mandat toparynyň hasabatyny tassyklamak barada karar kabul edildi. Toparyň agzalaryna wagtlaýyn şahsyýetnamalary hemişelik şahsyýetnamalara çalyşmagy guramak tabşyryldy.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 80-nji maddasyna hem-de «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 10-njy maddasyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň agzalarynyň hataryndan Halk Maslahatynyň Başlygyny, onuň orunbasaryny saýlamak, Halk Maslahatynyň komitetlerini döredip, olaryň başlyklaryny saýlamak meseleleriniň mejlisiň gün tertibine girizilen esasy meselelerdigini belledi.
Halk Maslahatynyň agzalarynyň adyndan Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy saýlamak hakynda teklip beýan edilýär.
Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hakynda karar sese goýuldy, resminama biragyzdan kabul edildi.
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň agzalaryna ýüzlenip, olara bildiren ýokary ynamy — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palataly parlamentiniň döredilýän guramaçylyk döwründe Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ygtyýarlyklaryny, şol bir wagtda amala aşyrmaga aýratyn hukugy berendikleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Men bu waka uly hormatyň hem-de halkymyzyň öňündäki belent jogapkärçiligiň nyşany hökmünde garaýaryn diýip, milli Liderimiz bu ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigine, palatalaryň we tutuş Milli Geňeşiň doly bahaly işlemegi üçin hemmetaraplaýyn kömek berjekdigine ynandyrdy.
Mejlisde başga-da birnäçe guramaçylyk işlerine seredildi.
Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow prezidiumdaky ýerine geçýär.
Milli Liderimiz bilelikdäki mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, bu gün — taryhy gün, biz şu gün ýurdumyzda täze edarany — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatyny döretdik, diýip aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu waka bilen gutlap, iki palataly kanun çykaryjy edaranyň döredilmeginiň Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.