HabarlarŽurnalistiň sahypasy

Dolandyryş psihologiýasy barada söhbet

15-04-2021 / 21

2021-nji ýylyň aprel-maý aýlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Ýewropa Komisiýasynyň “Türkmenistanda döwlet dolandyryşynda adam maýasyny pugtalandyrmaga ýardam” atly taslamasynyň çäklerinde “Döwlet dolandyryş” ugry boýunça taýýarlanylan magistr okuw maksatnamasy esasynda 72 sagatlyk gysga möhletli synag okuwlary geçirilýär.

Gysga möhletli okuwlara Türkmenistanyň Mejlisinden, Türkmenistanyň Adalat ministrliginden, Türkmenistanyň Bilim ministrliginden, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysady ministrliginden, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginden, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginden, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginden, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginden, Türkmenistanyň Merkezi bankyndan, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetinden, Türkmen döwlet ätiýaçlandyryş guramasyndan, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugyndan, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinden, Aşgabat şäher häkimliginden, Ahal welaýat häkimliginden, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginden, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyndan  wekiller gatnaşýarlar.

 Ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda onlaýn wideoaragatnaşyk arkaly “Dolandyryş psihologiýasy” boýunça okuw geçirildi. TÜRKMENgazet internet saýtymyzyň döredijilik topary hem bu okuw sapagyna žurnalistler hökmünde gatnaşyp, okuwa gatnaşyjylar bilen söhbetdeş boldular. Ilkinji söhbetdeşligimizi onlaýn arkaly Moskwanyň Döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy Tatýana Zaýsewa bilen gurnadyk.

 

 -Hanym Tatýana, mälim bolşy ýaly,  siz “Dolandyryş psihologiýasy” boýunça maksatnamanyň taýýarlanyşyna işjeň gatnaşdyňyz. Şu dogrusynda gürrüňümize başlaýalyň.

-Dogry diýýärsiňiz, men “Dolandyryş psihologiýasy” boýunça maksatnamanyň taýýarlanyşyna işjeň gatnaşdym.

Döwlet gullugynda dolandyryş psihologiýasyny ürç edip öwrenmek möhüm şertleriň biridir. Adamlar, işdeşler, guramalar, edaralar bilen oňat gatnaşykda bolmalydyr. Men maksatnamany taýýarlanymda şu düşünjelerden ugur aldym.

Men öz leksiýamda motiwasiýa, liderlik düşünjelerine, şeýle-de kollektiwde özüňi alyp barmak, kollektiwdäki gatnaşyklar ýaly meselelere aýratyn üns çekdim. 

-Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy, şeýle-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygyňyz barada gürrüň beräýseňiz?

-Men geçen ýyl Aşgabatda iş saparynda boldum we saparymyň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine barmak miýesser etdi. Men bu ýokary okuw jaýynyň mugallymlary, şeýle-de talyplary bilen tanyş boldum we öňlerinde çykyş etdim. Mende juda ýakymly ýatlamalar galdy. Aýratyn hem talyplarynyň gyzyklanyp sorag bermegi meni begendirdi. Ak mermere bürenen ajaýyp binasy hem paýtagtyňyza görk goşýar. Biz bu uniwersitetiň mugallymlary bilen şu güne çenli netijeli hyzmatdaşlyklary alyp barýarys.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen hem netijeli iş gatnaşyklarynyň üstünlikli ýola goýulandygyna hem biz juda begenýäris. Biz birek-birekden tejribe alyşýarys. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem, bu ugurda türkmen tejribesi unikal (gaýtalanmajak).

-Aşgabat barada ýatlamalaryňyz.

-Juda ajaýyp şäher. Ak mermere bürenen paýtagtyňyzyň gözelligi, seýilgähler, ähli ýerlerde gülleriň, baglaryň dürli görnüşleri, giň köçeler mende juda ýakymly ýatlamalary galdyrdy.

Aýratyn hem, ekologiýanyň arassalygy, töwerek-daşyň dürli ýaşyl otlar, baglar bilen bürenmegi howanyň arassalygyny üpjün edýär. Men bu barada uniwersitetde talyplarym bilen gürrüň edip, Türkmenistanyň  ekologiýasy, ekologiýa syýasaty barada birnäçe sapaklaryň dowamynda ara alyp maslahatlaşdym.

-Hanym Tatýana, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň. Işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýäris.

 *****

Şeýle-de biz, bu okuwlara gatnaşyp, “Döwlet dolandyryşy” boýunça düşünjesini giňeldýän, okuwyň diňleýjisi, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň hukuk we işgärler bölüminiň başlygy Aýjeren Orazberdiýewanyň geçirilýän okuw sapaklar barada garaýyşlaryny diňledik.

-Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny galkyndyrmak üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan döwlet gullukçylaryna döwleti dolandyrmak boýunça giň mümkinçilikler döredilýär.  Döwlet gullukçylaryna, döwlet edaralarynyň işgärlerine gözýetimini giňeltmekde, aňyny, düşünjesini, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, watansöýüjiligi, jogapkärçiligi, zähmete söýgini terbiýelemekde mugallymlaryň uly zähmeti bar.

Daşary ýurtdaky halypa mugallymlardan alan nazaryýet bilimimiz, bize durmuş-ykdysady ösüş babatda döwlet syýasatynyñ häzirki zaman ugurlaryndaky zähmet çekýän ÿaş hünärmenleriniñ we ýokary derejeli hünärmenleriniñ, işgärleriniñ gözýetimini has giñeldÿär. Bu bolsa syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny netijeli ösdürmekde, şeÿle hem bize geljekde öz işimizi has netijeli alyp barmakda, täze usullary iş dolanşygyna girizmekde hem-de hereket edýän hukuk namalara degişli üýtgetmeleri girizmekde uly goşant goşjakdygyna göz ýetirýäris. Çünki biziñ işimiz halka hyzmat edip, halk köpçüligine ätiýaçlandyrşyñ täze meýletin görnüşüni  hödürlemekden ybaratdyr. Hödürlenýän hyzmatlary ÿokary derejede halkara ülñülerine laýyklykda  alyp barmak üçin, halkara tejribesini öwrenmek örän möhüm.

Bize, hünärimizi kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri döredýän mähriban Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu