Göwün küýsegiHabarlar

Hünär edinmek zerurlykdyr

14-04-2021 / 6

Islendik ynsanyň elinde hünäri bolsa, ol hiç haçan durmuşyň synaglarynyň öňünde ejizlemeýär. Onuň hünäri duş gelen kynçylyklary ýeňip geçmäge uly kömek edýär. Bu barada halk arasynda şeýle rowaýat bar.

Gadym zamanlarda bir patyşanyň ýeke mirasdüşer ogly bolupdyr. Günlerde bir gün şazada öz ýurdundan bir senetkäriň halyçy gyzyna aşyk bolýar. Gyzyň öýüne sawçy iberende, gyz oňa bir hünäriň eýesi bolmadyk ýigide durmuşa çykjak däldigini aýdýar. Eger ýigit gyzyň ýanyna gatnap haly dokamagy öwrense, onuň aýaly boljakdygyny onuň öňünde şert edip goýýar. Ýigit munuň bilen razylaşýar. Şeýlelik-de, şazada gyzyň ýanyna gatnap haly dokamagyň inçe syrlaryny öwrenýär. Ahyrynda gyz oňa durmuşa çykmana razydygyny aýdýar.

Ýedi gije-gündizläp, uly ile aş paýlanyp uludan toý tutulýar. Aradan birnäçe gün geçenden soňra, şazada halkyň hal-ýagdaýyny bilmek üçin adaty derwüş eşiginde gijesine öýme-öý aýlanýar. Gapylaryň birini kakyp taňry myhman almaklaryny soraýar. Öýe girenden soň öý eýesiniň aslynda talaňçydygyny bilip galýar. Olar şazadany bir jaýa salyp daşyndan gulplap goýýarlar. Ol ýerde şazadadan başga hem birnäçe adam bar eken. Talaňçylar olary elinden gelýän iş boýunça işledip, ellerinden dörän dürli zatlary satyp peýda görer eken. Ýigit olara bir haly dokap berjekdigini, eger ony şa aýlyna satsa müň tylla satyljakdygyny, ýerine özüni azat etjekdigini aýdýar. Talaňçylar bu şert bilen razylaşýarlar. Bir hepdä galman şazada halyny dokap bolýar. Talaňçylaryň biri ony köşge satmak üçin alyp gaýdýar. Haçan-da bir halynyň müň tylla bahasynyň bardygyny eşiden şa aýaly onuň ýönekeý haly däldigini aňýar.

Hakykatdan halyny synlasa, onuň ýüzüne şazadanyň gizlenýän ýeriniň kartasy çekilen eken. Owadan edilip bezelen halyny diňe üns edip synlasaň ony aňmak bolýan eken. Şa aýaly ony müň tylla satyn alýar. Talaňçy begenip yzyna dolanýar, emma şazadany azat etmeýär. Aradan esli wagt geçip-geçmänkä şa aýaly nökerleri bilen şazadany halas etmek üçin gelýär. Olar şazada bilen başga-da, birnäçe adamlary halas edýärler we talaňçlary zyndana salýarlar. Şeýlelikde, halyçylyk hünäri şazadanyň janyny halas edýär.

Şu ýerde şazada hünär öwrenmegiň durmuş ýolunda örän gerek bolýandygyny, ynsany kynçylyklardan başyny alyp çykmakda  kömek edýändigine göz ýetirýär. Dogrudan hem halk arasynda “Hünärli hor bolmaz” diýen nakyl ýöne ýerden döremändir.

 

Aýlar ATAJYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

 

 

 

Ünsüňizi çekip biler

Bir Yorum

Leave a Reply

Başa dön tuşu