HabarlarPsihologiýaŽurnalistiň sahypasy

Kitaby dogry we talabalaýyk okamagy başarýarysmy?!

14-04-2021 / 18

Awtory: Merjen Kadyrowa,

«Türkmen gündogary» gazeti.

Kitap ― biziň iň ýakyn dostumyz we maslahatçymyz. Kitap okamak bilen ynsan öz ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar, dil baýlygyny artdyrýar, gözleýän soraglarynyň jogabyny tapyp bilýär. Emma biz kitaby dogry we talabalaýyk okamagy başarýarysmy?! Bu köpümiz üçinem gyzykly bolsa gerek. Hut şu nukdaýnazardan okyjylarymyza bu babatda käbir maslahatlary taýýarladyk:

— Kiçijigem bolsa öýüňizde, iş ýeriňizde şahsy kitaphanaňyzy döretjek boluň. Bu siziň kitap okamaga bolan gyzyklanmaňyzy artdyrar;

— Ilki bilen kitaby dogry saýlap bilmegimiz gerek. Saýlanylan kitap peýdalymy? Ýaşyňyza laýyk gelýärmi? Onuň mowzugynyň näme baradadygyny, haýsy ylma gönükdirilendigini bilmek zerur. Şeýle hem, kitabyň awtory, onuň döredijiligi baradaky maglumatlary öwreniň. Käbir ýagdaýlarda bu bize dogry kitaby saýlamak üçin ýeterlik bolar;

— Okaljak eseriň sözbaşysy, mazmuny, käbir ýerlerinden bölekler bilen tanyşmak gerek. Beýle etmek bilen onuň diliniň ýeňil ýa-da agyrdygyny, awtoryň stiliniň size ýarajakdygyny ýa-da ýaramajakdygyny anyklamak mümkin;

— Daşary ýurt ýazyjylarynyň kitaplaryna aýratyn gyzyklanma bilen seretmek gerek. Olar size dürli halklaryň, milletleriň durmuş ýagdaýlary, medeniýetleri, gelip çykyşy, ýaşaýşy baradaky maglumatlary berer; 

— Kitap okanda galam alyp, gerekli ýerlerini, täsir galdyran bölekleri ýandepderçä bellemegi endik etmeli;

— Hiç bolmanda, hepdede 8 sagat wagty kitap okamaga harçlamaly;

— Okalýan otag ýagty bolsun. Ýagtylygyň çep tarapdan düşmegine üns beriň;

— Kitaby stolda ýa-da partada oturyp okamagy endik ediniň;

— Ýörite bellikleri ulanyň;

— Kitaby gözüňizden 30-40 santimetr uzaklykda we 45 gradus keserdip saklaň;

 — Ýadaýançaňyz okamaly däl, her 20-30 minutdan gözüňize dynç bermeli;

— Naharyň başynda we awtoulagda kitap okamaly däl;

— Kitaby okanda, dyngy belgilere we äheňe hökman üns bermek gerek;

— Howlukman, her bir söze dogry düşünip okamaly;

— Birnäçe kitaby birbada okamakdan saklanyň. Birini okap gutaryp, soň beýlekisine geçiň;

— Bir kitaby okap gutaran soň derrew başga birini okap başlamaga howlukmaň. Okan kitabyňyz barada pikir ýörediň, siz ondan nähili peýdaly we täze zatlary öwrendiňiz, kitap size nähili täsir etdi;

— Kitaby arassa saklamaly. Onuň gatlaryny eplemeli ýa-da ýyrtmaly däl, kitaby arassa eliň bilen tutmaly;

— Okan we okajak kitaplaryňyzyň sanawyny düzüň;

Kitap okamak adamyň zehinini we tejribesini artdyrýar, dünýägaraýşyny giňeldýär. Hormatly okyjylar bu peýdaly endigiň sizi üstünlige ýetirjekdigini ýatdan çykarmaň.

 

 

 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu