HabarlarTrend we gözellik

Doglan günüňiz gutly bolsun

14-04-2021 / 15

Mähriban okyjylar! Size aprel aýynyň 14-ne dünýä inen meşhur zenanlar baradaky maglumatlary hödürleýäris.

Sarah Michelle Gellar (43 ýaşaýar) – amerikan aktrisasy, prodýuser we telekeçi. Nýu Ýorkda bary-ýogy 4 ýaşyndaka ony “An Invasion of Privacy” atly telewideniýe üçin düşürilýän filmde keşp ýerine ýetirmek üçin saýlaýarlar.

Abigail Breslin (24 ýaşaýar) – amerikan aktrisasy we aýdymçy. Ol Nýu-Ýorkda önüp ösýär. 3 ýaşyndaka ilkinji filminde keşbi ýerine ýetirýär. Ol çagaka birnäçe keşpleri ýerine ýetirip “Young artist Award” baýragyna hem nominirlenýär.

Caroline Paolla Oliveira da Silva (38 ýaşaýar) – Paola Oliveira ady bilen has meşhur bolan brazil aktrisasy.

Loretta Lynn (88 ýaşaýar) – amerikan aýdymçy we kompozitor. Ol zähmet ýolunyň alty onýyllygynyň içinde birnäçe ajaýyp we uly meşhurlyga eýe bolan aýdymlar ýygyndysyny çykardy.

Anita Hassanandani (39 ýaşaýar) – hindi aktrisasy. Ol birnäçe hindi seriallarynda we hindi, telugu, tamil filmlerinde ýerine ýetiren keşpleri bilen meşhurdyr.

Julie Christie (80 ýaşaýar) – asly hindi bolan iňlis aktrisasy. Ol Kino sungatynda bitiren hyzmatlary üçin birnäçe baýraklara, şol sanda, Oskar, Altyn globus, BAFTA we Screen Actors Guild baýraklaryna mynasyp bolýar.

Miriam Leone (35 ýaşaýar) – Italian aktrisasy we owadanlyk bäsleşigine gatnaşyjy titulynyň eýesi. Ol 2008-nji ýylda Miss Italiýa adyna eýe bolýar.

Anne Watanabe (34 ýaşaýar) – ýapon fason modeli, aktrisa, we aýdymçy. Ol Ken Watanabe film aktýorunyň gyzydyr. Modellik işinde ol Anne ady bilen has meşhur.

 Shawntae Harris (46 ýaşaýar) – Da Brat ady bilen has meşhur bolan amerikan aktrisasy. Ol Çikagoda önüp ösýär. 1992-nji ýylda zähmet ýoluna başlaýar.

Skyler Samuels (26 ýaşaýar) – amerikan aktrisasy we model. Ol “Wizards of Waverly Place”, “The Gates”, “The Nine Lives of Chloe King”, “Scream Queens”, “The Gifted” atly seriallarda ýerine ýetiren keşpleri bilen meşhurdyr.

 

Mähriban Hudaýgulyýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu