HabarlarTrend we gözellik

Kimleriň doglan güni?

12-04-2021 / 13

Mähriban okyjylar! Size 11-nji aprelde dünýä inen meşhur zenanlar baradaky maglumatlary hödürleýäris.

Joss Stone (34 ýaşady) – iňlis aýdymçysy, kompozitor we aktrisa. Ol 2003-nji ýylda özüniň meşhur aýdymlar ýygyndysyny çykarýar we şonuň bilen hem uly meşhurlyk gazanýar. Bu aýdymlar ýygyndysy oňa birnäçe baýraklary getirdi.

Alessandra Ambrosio (40 ýaşady) –iňlis-amerikan modeli, aktrisa, fason dezaýneri, bizneswuman we telegepleşikleri alypbaryjy. Ol “Viktoria Sekretdäki” işleri bilen tanalýar. Şeýle-de Alessandra “Pinc Line” kompaniýasynyň ilkinji saýlan modelidir.

Jeniffer Esposito (48 ýaşady) – amerikan aktrisasy we eserleriň awtory. Ol “Crash”, “Summer of Sam”, “Don’t say a word”, “Taxi” we “Welcome to Collinwood” filmlerinde ýerine ýetiren keşpleri bilen meşhurdyr.

 

Tricia Helfer (47 ýaşady) – kanadaly aktrisa we model.

Erina Mano (30 ýaşady) – ýapon aýdymçysy we aktrisa. Öň ol “Hello-da” zähmet çekipdi. 2007-nji ýylda ol “Hello” toparynyň agzasy boldy.

Dakota Blue Richards (27 ýaşady) – iňlis aktrisasy. Ol  13 ýaşynda “Golden Compass” filminde ilkinji keşbini ýerine ýetirýär.

Stefanie Stappenbeck (47 ýaşady) – nemes aktrisasy. Ol 1986-njy ýyldan bäri 100-den gowrak filmlerde we telegepleşiklerde surata düşdi.

Chisato Moritaka (52 ýaşady) – ýapon pop aýdymçysy. Ol şeýle-de kompozitor we sazanda hökmünde-de tanalýar.

 

Mähriban Hudaýgulyýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu