«Ýürekden çykýan sözler ýürege barýar» diýilýär. Bu aýtgynyň dogrulygyna durmuşda häli-şindi gabat gelýäris. Adam diňe dogrusyny sözlände, aýdýan zadyna özi hem ynananda garşysyndakynyň ünsüni özüni çekip bilýär.
Ýokardaky aýdylanlar «ýerden ýöränleriň» ählisine degişli bolşy ýaly, «eli galam tutýanlara-da» degişli. Dünýädäki ähli neşirlerdir websaýtlar bilen bir hatarda biziň «turkmengazet.com» internet sahypamyz hem şeýle hünärmenleriň eden işiniň miwesi. Saýtymyzy adamlaryň göwün küýsegini kanagatlandyrjak gündelik habarlar bilen, gyzykly maglumatlardyr, dünýä täzelikleri, ýürekden çykyp ýürege barýan goşgy setirler, ökde dizaýnerleriň taýýarlan mähirli, göze gelimli lybaslaryň ajaýyp görnüşleri, ýyldyzlar, telekeçiler bilen ýürekden söhbetler, öý bikelerimiziň ýakyn maslahatçysy bolup, psihologiýa, tagam taýýarlanyş ýaly gyzykly maglumatlar bilen üpjün etmek biziň iň uly maksadymyz.
Şygarymyzdan belli bolşy ýaly, maksadymyz «ýatda galmak däl, ýürekde galmak». Eýsem-de bolsa, goýulýan gündelik makalalarymyz okyjylarymyzda täsir galdyrýan bolsa, onda biziň yhlasymyzyň tüýs ýerine düşdügi.
Elmydama, biz bilen galyň mähribanlar!
Saýtyň administrasiýasy.